Koreýa Respublikasynda işlenip düzülen adamsypat «EveR 6» atly robot ýurduň milli orkestrine dirižýorlyk etdi. Robot ýurduň ussat sazandalaryndan düzülen Koreý Milli teatrynyň sahnasynda orkestriň kürsüsine geçdi. Koreý senagat tehnologiýalary institutynyň hünärmenleri tarapyndan taýýarlanan robotyň adamyňka meňzeş ýüzi bar. Robot çykyşdan ozal tomaşaçylaryň öňünde hormat bilen baş egmegi hem unutmady. Soňra bolsa, konsertiň heňini sazlamak üçin gollaryny hereket etdirip başlady.
Adamsypat robot Seulda geçirilen konsertdäki bäş sazyň üçüsini alyp bardy. Bir sazy bolsa dirižýor Çoi Soo-Ýeul bilen bilelikde alyp bardy. Dirižýor Çoi robotyň hereketleriniň örän jikme-jikdigini aýdyp, oňa ýokary baha berdi. Dirižýoryň sözlerine görä, robotyň ýeke-täk kemçiligi onuň ýolbaşçylyk edýän orkestriniň çalýan sazyny diňläp bilmeýändigidir.