Dürli oýunlardan soň, hajathanadan çykylanda, ulaglara münülip düşülende we nahardan öň we soň elleriňi ýuwup arassalamagyň dürli keselleriň öňüni alýandygy hemmelere mälimdir. Emma köpler bu işi dogry ýerine ýetirmegi ünsden düşürýärler.
Haýsydyr bir işe gümra bolanymyzda ýüzümizi, agzymyzy, burnumyzy elländigimizi bilmän galýarys. Mikroorganizmleriň bedenimize aralaşmagy hem hut şol ýerden başlanýar. Braziliýada we ABŞ-da geçirilen soňky barlaglarda jemgyýetçilik ýerlerinde sagatda iň bolmanda 3-4 gezek eliň dürli närselere degýändigi, 3-6 gezek bolsa, agza ýa-da burna galtaşýandygy belli bolupdyr. Şol sebäpli elleriň ýuwup arassalanmagy juda möhümdir. Emma munuň dogry usuly nähili berjaý edilýärkä?!
Ýyly suw bilen arassalamak
Köplenç gyzgyn suwuň has gowy arassalaýandygyna ynanylýar. Geçirilen barlaglaryň netijesinde bolsa, gyzgyn ýa-da sowuk suwa garamazdan, ellerde şol bir mukdarda bakteriýa galýandygy anyklandy.
Anti-bakteriýal sabynlaryň täsiri
2007-nji we 2015-nji ýyllarda geçirilen barlaglarda sabynlaryň täsiriniň deňdigi mälim edildi. Edil şonuň ýaly-da suwuk sabynlaryň hem arassalaýyş güýji beýlekiler bilen deň bolup çykdy. Aslynda ýokary hilli arassalaýan sabynlar köp babatda reňksiz we yssyz sabynlardyr.
Ýuwlandan soň eller guradylmalymy?!
Ýuwlandan soň gyssagarada elleriň guradylmaýan halatlary hem bolýar. Eger çyg el başga zatlara degmän gurasa zyýany ýok. Emma bir zada degen bolsa, çyg ýerde bakteriýalar tiz köpelýär.
Arassa elsüpürgiç ýa-da polotense ulanmak hem bakteriýalaryň köpelmeginiň öňüni alýar. Ýeke gezek ulanmak üçin niýetlenen elsüpürgiçlerden has köp peýdalanmak maslahat berilýär.
Eliň aýasynyň, barmaklaryň aralarynyň, dyrnaklaryň, eliň üstüniň hem-de bilekleriň doly arassalanmagy üçin ýuwunmagyň wagty 20-30 sekuntdan az bolmaly däldir.