Şo­ko­la­dyň ha­myr­ma­ýa­sy ka­kao­nyň kö­ke­ni Or­ta Ame­ri­ka­dyr. Ta­ry­hy mag­lu­mat­lar­da ka­kao­nyň mi­la­dy­dan öň 1100-nji ýyl­lar­da ýü­ze çy­kan­dy­gy bel­le­nil­ýär. Maý­ýa (Mek­si­ka­nyň gü­nor­ta-gün­do­gar ter­ri­to­ri­ýa­syn­da­ky ga­ryn­daş hin­di taý­pa­la­ry­nyň to­pa­ry­nyň umu­my ady) we As­tek­le­riň (Mek­si­ka­nyň iň uly in­deý hal­ky­ýe­ti) köp muk­dar­da ka­kao­ly iç­gi­le­ri içen­dik­le­ri aý­dyl­ýar. Bu gün­ki iý­ýän şo­ko­lad­la­ry­myz 1700-nji ýyl­lar­da ön­dü­ril­mä­ge baş­lan­ýar. 1828-nji ýyl­da gol­lan­di­ýa­ly Ko­en­ra­ad Wan Hou­ten ka­kao­ny pres­le­ýän en­ja­my oý­lap tap­ýar. Bu bol­sa şo­ko­la­dyň ga­ty gör­nü­şin­de taý­ýar­lan­ma­gy­nyň baş­lan­gy­jy bol­ýar. La­tyn­ça ady “Theob­ro­ma Cacao” aga­jyn­dan alyn­ýan ka­kao esa­san hem, Gün­ba­tar Af­ri­ka we Gü­nor­ta Ame­ri­ka­da ön­dü­ril­ýär. Ka­kao aga­jy­nyň bo­ýy 4-10 met­re çen­li ýet­ýär we ýyl­da iki ge­zek ha­syl ber­ýär. Onuň mi­we­si­niň için­de 2,5 sm ulu­ly­gyn­da 40-50 sa­ny ka­kao çi­gi­di bol­ýar. Bi­şen mi­we­sin­den al­nan çi­git­ler bir­nä­çe gün ba­na­nyň ýap­ra­gyn­da ma­ýa­lan­dy­ryl­ýar. Soň­ra gü­neş­li ho­wa­da gu­ra­dy­lan çi­git­ler go­wy aras­sa­la­nyp gow­rul­ýar we üwel­ýär. Ön­dü­ri­len pas­ta gör­nü­şin­dä­ki su­wuk­lyk şo­ko­lad taý­ýar­la­ny­lan­da ula­nyl­ýar. Pres­le­nen ka­kao­dan bol­sa, ka­kao ýa­gy alyn­ýar.

Şo­ko­la­dyň gör­nüş­le­ri
Ga­ra şo­ko­lad. Bit­ter şo­ko­lad­la­ry­nyň 50 %-i ka­kao bo­lup, onuň muk­da­ry art­dy­gy­ça süýt we ka­kao ýa­gy­nyň muk­da­ry azal­ýar we ta­ga­my ajy bol­ýar. Şeý­le­lik­de, ka­lo­ri­ýa­sy hem pe­sel­ýär. Ýo­ka­ry hil­li şo­ko­lad­la­ra Ma­da­gas­ka­ryň wa­ni­li­ýa dä­ne­jik­le­ri go­şul­ýar.
Süýt­li şo­ko­lad. Dü­zü­min­dä­ki ka­kao­nyň muk­da­ry 40 %-e ba­ra­bar bo­lan has süý­ji ta­gam­ly şo­ko­lad­lar­dyr. On­da süýt we ka­kao ýa­gy­nyň ag­dyk­lyk ed­ýän­di­gi üçin agyz­da çalt ere­ýär. Ýo­ka­ry hil­li süýt­li şo­ko­lad­lar In­do­ne­zi­ýa­da ön­dü­ril­ýän ka­kao­dan taý­ýar­lan­ýar. Oňa Ta­hi­ty (ta­hi­kar­di­ýa) wa­ni­li­ýa­sy go­şu­lyp, has-da süý­jü­li­gi art­dy­ryl­ýar.
Ak reňk­li şo­ko­lad­. Onuň dü­zü­min­de ka­kao bol­man, köp muk­dar­da süýt, şe­ker we ka­kao ýa­gy bol­ýar.
450 gram şo­ko­lad taý­ýar­la­mak üçin 400 sa­ny ka­kao çi­gi­di ge­rek bol­ýar.
Ýe­ke­je bö­lek şo­ko­lad bir ada­ma 50 met­re çen­li ýö­räp bil­jek muk­dar­da­ky ener­gi­ýa­ny ber­ýär.
Şo­ko­lad­la­ryň an­ti­bak­te­ri­al häsiýeti bo­lup, diş­le­ri çüý­re­mekden go­raýar.
Şo­ko­lad sal­kyn we gu­ry ýer­de sak­la­nyl­ma­ly. Ola­ry so­wa­dy­jy­da ýa-da doň­du­ry­jy­da goý­mak mas­la­hat be­ril­me­ýär.