Hytaýyň uçuran “Zhuque-2” atly raketasy äkiden ýüküni üstünlikli ýagdaýda orbita ýerleşdirdi. Bu raketanyň beýlekilerden tapawudy metan bilen işlemegidir. “LandSpace” kompaniýasy tarapyndan işlenip taýýarlanan, dünýäde ilkinji metan we suwuk kislorod bilen işleýän bu raketa Gobi çölündäki “Jiuquan” kosmodromyndan uçuryldy. Göteriji enjam Ýeriň aşaky orbitasyna 6 tonna, has aňry – Gün bilen sinhronly orbita bolsa, 4 tonna ýük äkidip bilýär. “China Space News” neşiriniň habaryna görä, raketanyň uzynlygy 49,5 metre, diametri 3,35 metre deň.
Şu ýylyň aprelinde Hytaýyň “Space Pioneer” kompaniýasy “Tianlong-2” atly suwuk ýangyçly raketany üstünlikli ýagdaýda uçurypdy. Bu bolsa kosmos pudagynda iş alyp barýan kompaniýalaryň özbaşdak taslamalary durmuşa geçirip bilýändigini görkezdi.
Metan bilen işleýän motorlar ýokary netijeliligi we arzan bahaly bolmagy bilen tapawutlanýar. Şeýle hem bu raketalary birnäçe gezek ulanyp bolýar. Agzalýan raketanyň geçen ýylyň 14-nji dekabryndaky ilkinji synagy şowsuz tamamlanypdy.
Şu ýylyň başynda ABŞ-nyň “Relativity Space” kompaniýasynyň “Terran 1” hem-de “SpaceX” kompaniýasynyň “Starship” atly metan hem-de suwuk kislorod bilen işleýän raketalarynyň uçuşy şowsuz gutarypdy. Bu usulyň geljekde arzan bahaly we köp gezeklik raketalarda has köp ulanylmagyna garaşylýar.