Italiýanyň “Milan” topary “Çelsiden” ýene bir futbolçyny transfer etdi. Italýan kluby “Çelsiniň” amerikaly ýarymgoragçysy Kristian Pulişiçi öz düzümine goşdy. “Milan” Pulişiçiň transferi üçin iňlis klubuna häzirlikçe 20 million ýewro berer. Ol mukdaryň goşmaçalar bilen az-owlak artmagy hem mümkin. “Milan” topary 24 ýaşyndaky oýunçy bilen 4+1 ýyllyk şertnama baglaşdy. Pulişiç “Çelsi” toparyna 2019-njy ýylyň tomsunda geçipdi. Ol londonlylaryň düzüminde 4 möwsümde 145 oýunda 26 gezek tapawutlandy. Pulişiç “Milanda” 11-nji belgili köýnekçäni geýer.

“Milan” geçen aýyň ahyrynda “Çelsiniň” başga bir ýarymgoragçysy Ruben Loftus-Çigi hem transfer edipdi.