Ýene-de ýarym asyrdan Hindistan dünýäde ululygy boýunça ikinji iri ykdysadyýetli ýurt bolar. Hindistan 2075-nji ýyla çenli ykdysadyýet babatda diňe bir Ýaponiýadan, Germaniýadan däl, eýsem, ABŞ-dan hem öňe geçer. Bu barada “Goldman Sachs” maliýe edarasy mälim etdi.
Häzirki wagtda Hindistan dünýäde jemi içerki önümiň möçberi boýunça bäşinji orunda durýar. Ýurdy bu ugurda öňdelige çykarmaga diňe bir ilat sanynyň artmagy däl, tehnologiýalaryň ösmegi, zähmet öndürijiliginiň artmagy hem ýardam berer.
Ýurduň ilatynyň düzümindäki işliler bilen işsizleriň gatnaşygy iň pes derejä ýeter. 2023-nji ýylda jemi içerki önüm 7 göterime deň bolar.