Ähli musulmanlaryň üçin mukaddes kabul edilýän Käbäniň örtügi çalşyldy. Her ýyl bolşy ýaly onuň örtügi aýrylyp, ýerine täze goýuldy. Bu barada Saud Arabystanynyň resmi habarlar agentligi SPA habar berýär.
Jemi 45 bölekden ybarat bolan örtük 850 kilogram arassa ýüpek matadan tikilýär. Onuň ýüzüne nagyşlary çekmek we hatlary ýazmak üçin 120 kilogram altyn we 100 kilogram kümüş ulanylýar. Adatça Käbäniň örtügi Hijri kamary senenamasynyň ilkinji güni – Muharrem (aşyr) aýynyň birinji güni dabaraly ýagdaýda çalşylýar. Bu örtük 200 hünärmen tarapyndan taýýarlanýar.