Fransiýada gadymy mülkler ýylyň dowamynda 20-25 göterim arzanlady. Bu barada “Le Figaro” gazeti habar berýär. Neşir gozgalmaýan emläk bazarynda dörän çökgünlik sebäpli köne mülkleriň nyrhlarynyň düýpgöter peselendigini belleýär. Şeýle hem adaty gozgalmaýan emläk segmentiniň bahasy 5-10 göterim arzanlady.
“Mercure” topary geçen ýyl ortaça 880 müň ýewro baha bilen ýüzden gowrak mülk satandygy mälim etdi. Häzirki wagtda 40 müň fransuz mülkünden, takmynan, 3 göterimi satlyk.
Mundan öň Beýik Britaniýada gadymy mülkleriň bahalarynyň aşaklamagynyň 2025-nji ýyla çenli dowam edip biljekdigi habar berildi. Bahalaryň arzanlamagy 2022-nji ýylda iň ýokary derejeden 11 göterim pes bolar diýlip garaşylýar.