Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Türk­me­nis­ta­nyň goň­şy döw­let­ler bi­len söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry­ny has-da ber­kit­mek mak­sa­dy bi­len hem-de “Türk­men-öz­bek ser­het­ýa­ka söw­da zo­la­gy­ny — Söw­da mer­ke­zi­ni dö­ret­mek we onuň işi­ni düz­gün­leş­dir­mek ha­kyn­da” Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti bi­len Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Hö­kü­me­ti­niň ara­syn­da 2021-nji ýy­lyň 5-nji okt­ýab­ryn­da gol çe­ki­len Yla­la­şy­ga la­ýyk­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ka­ra­ra gol çek­di. Res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da, Söw­da we da­şa­ry yk­dy­sa­dy ara­gat­na­şyk­lar mi­nistr­li­gi­ne Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň Türk­men-öz­bek ser­het­ýa­ka zo­la­gyn­da Söw­da mer­ke­zi­niň tas­la­ma­sy­ny düz­mek hem-de ony ýa­na­şyk ýer­le­ri­ni aba­dan­laş­dy­ryp gur­mak ba­ra­da öz ga­ra­ma­gyn­da­ky Aly­jy­lar jem­gy­ýet­le­ri­niň bir­le­şik­le­ri­niň mer­ke­zi do­lan­dy­ryş eda­ra­sy­nyň abat­la­ýyş-gur­lu­şyk bö­lü­mi bi­len şert­na­ma­ny, da­şar­ky el­ti­ji elekt­rik, ara­gat­na­şyk we suw üp­jün­çi­li­gi­niň in­že­ner­çi­lik ul­gam­la­ry­ny gur­mak şer­tin­de bag­laş­ma­ga yg­ty­ýar be­ril­di.
Gur­lu­şyk iş­le­ri­ne 2023-nji ýy­lyň iýul aýyn­da baş­la­mak we Söw­da mer­ke­zi­ni 2025-nji ýy­lyň iýul aýyn­da ulan­ma­ga do­ly taý­ýar edip tab­şyr­mak bel­le­nil­di.