Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen özgerişlerdir rowaçlyklaryň mekanyna öwrülen dünýewi, demokratik, hukuk döwletimizde halkymyzyň eşretli, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin amala aşyrylýan tutumly işler barha ilerleýär. Milli Liderimiziň alyp barýan parasatly, öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ata Watanmyzyň ähli pudaklarynda ykdysadyýetde, oba hojalygynda, medeniýetde, bilim ulgamynda, syýahatçylykda täze-täze özgerişlikler amala aşyrylýar. Parahatçylygyň, abadançylygyň ýurdy hökmünde bütin dünýäde ykrar edilen Diýarymyzda durmuşa geçirilýän il-ýurt bähbitli işleriň, beýik başlangyçlaryň ilkinji nobatda ýurdumyzyň asudalygy, abadan ýaşaýşy ugrunda amala aşyrylýandygy baradaky hakykat berkarar döwletimizde hemişe üns merkezinde saklanylýar. Şeýle-de, Watanmyzyň gözel tebigatyny gorap saklamak barada uly aladalar edilýär.
Şu ýylyň gyş, bahar pasyllarynyň has ygally gelmegi bilen tebigatymyz täsin gözellige bürenip, özüniň gaýtalanmajak ajaýyplyklaryny döretdi. Tebigatymyzyň bu ajaýyp gözelligini ýangyn howpundan gorap saklamak her birimiziň kanuny borjumyzdyr. Tokaý, seýilgäh zolaklarynda ekilen arçalaryň aralyklary guran dürli haşal otlardan wagtynda arassalanyp, sürüm işleri geçirilmelidir. Her bir bölünip berlen çäkler, ilkinji nobatda, deslapky ýangyn söndüriji serişdeler bilen üpjün edilmelidir. Ot ýakmazlyk baradaky suratly görkezmeler görnükli edilip goýulmalydyr. Bölünen çäklere ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilişine ýörite jogapkär adamlar bellenmelidir.
Ajaýyp gözel tebigatda adamlaryň köpçülikleýin dynç alýan ýerlerinde ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmekleri we raýatlarymyzyň dynç alýan ýerlerinde ýangynlaryň döremezliginiň öňüni almak maksady bilen, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy şulary ýatladýar.
Tebigatymyzyň gözelliklerini ýangyn howpundan gorap saklamak üçin her ýylda Aşgabat şäheriniň, welaýatlaryň häkimleri tarapyndan “Ýangynlaryň öňüni almak we dörän ýangynlary guramaçylykly söndürmek baradaky” kararlar kabul edilýär. Şol kararlarda, bahar-tomus pasyllarynyň ýangyn howply möwsüminde gözel tebigatda adamlaryň köpçülikleýin dynç alýan ýerlerinde raýatlara açyk ýerlerde ot ýakmak doly gadagan edilýär. Agaçlaryň, otluk ýerleriň açyk meýdançalarynda otdan peýdalanýan raýatlara garşy Türkmenistanyň Kanunçylygyna laýyklykda, çäre görmek degişli gözegçilik işlerini geçirýän gulluklara berk tabşyrylýar.
Dynç ýa-da zähmet rugsady wagtynda howanyň yssy günleri ildeşlerimiz maşgalalary bilen tämiz howaly, akar suwly tokaý seýilgäh zolaklarynda dynç alyşlary guraýarlar. Ol ýerlerde käbir adamlar maşgalalary bilen nahar bişirmek üçin ot ýakýarlar. Olar agaçly zolaklarda ot ýakmagyň özboluşly düzgünlerini berjaý etmezden, ýangynyň ýüze çykmak howpuny döredýärler. Köpçülikleýin dynç alynýan tokaýly, otly ýerlerde ot ýakmak doly gadagan edilýär. Eger-de çykgynsyz ýagdaýa düşülende ot ýakmak üçin, çägeli ýa-da akar suwuň golaýynda daşly ýer saýlanyp alynmalydyr. Ot ýakylmazdan öň, ot ýakyljak ýeriň on bäş metr daş-töweregi guran ot-çöplerden topraga çenli arassalanmalydyr. Soňra ýarym metr çuňlukda ojak gazylmalydyr. Ot ýakyljak ýer daşly bolanda, ojagyň töweregine daş örmek maslahat berilýär. Otdan peýdalanyp bolnandan soň, suw sepilip, ýa-da gum sürüp, oduň közleri doly söndürilmelidir. Köp halatlarda oba çagalary tebigatyň gözel ýerlerinde uly adamlar tarapyndan gözegçiliksiz gezelenç edýärler ýa-da mal bakmak bilen meşgullanýarlar.
Köpçülikleýin dynç alyş ýerlerinde söndürilmedik çilim, otluçöp galyndysyny taşlap gaýtmaklygam örän howpludyr. Şeýle-de, dynç alyş ýerlerinde çüýşe gaplary ýa-da aýna döwükleri galdyrylmaly däldir. Sebäbi taşlanylyp gaýdylan şol çüýşe gaplaryna, aýna döwüklerine Günüň ýiti şöhlesiniň düşüp, çendenaşa gyzmagynyň hem ýangynyň döremegine sebäp bolmagy mümkindir.
Dynç alşa barlanda, köp adamlar özleriniň şahsy awtoulaglary bilen barýarlar. Olar kähalatlarda awtoulaglaryny guran ot-çöpleriň üstlerini basalabam sürýärler. Bu ýagdaýyň hem iň bir howply ýangynlaryň ýüze çykmagyna getirmegi mümkindir. Sebäbi awtoulagyň tüsseçykaryndan uçgunlaryň çykmagynyň, olaryňam guran ot-çöplerine düşmeginiň howply ýangynyň döremegine getirjekdigi ikuçsuzdyr. Kähalatlarda bolsa, käbir adamlar dynç alyş ýerlerinde şahsy awtoulaglarynda bejeriş-abatlama işlerini geçirýärler-de, ellerini ýa-da awtoulagyň şaýlaryny esgiler bilen süpürip, şol ýag-ýangyç siňen esgileri-de guran ot-çöpleriň üstlerine taşlap gaýdýarlar. Şeýle geleňsizligiňem howply ýagdaýlara getirmegi mümkindir. Hormatly ildeşler! Biziň hemmämiz ata Watanmyzyň gözel, baý tebigatynyň, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň hemişe abat bolmagyna jogapkärdiris. Çünki ekologik taýdan arassa, täsin gözelliklere baý tebigatymyz biziň egsilmez baýlygymyzdyr.
Muhammetberdi Geldimyradow, Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň 100-nji harbylaşdyrylan ýangyn howpsuzlyk bölüminiň başlygy, içerki gullugyň podpolkownigi.