Durmuşyň manysy kämillige ýetip, ol barada beýlekilere gürrüň bermekdir.
R. Bah.
Durmuş geçen günler däl-de, ýatda galan günlerdir.
Bennet.
Iň uly betbagtçylyk hakyky dostlaryň bolmazlygydyr.
F. Bekon.
Adamlar saz guraly ýalydyr: onuň seslenmesi gabatlaşýan adamsyna baglydyr.
Wergiliý.
Kimiň göwnüni Gün ýagtyldýan bolsa, bulutly günde hem Güni görer.
Konfusiý.
Her kim Aýa meňzäp, özüniň hiç kime görkezmeýän garaňky taraplary bar.
Anatol Frans.
Ýalňyşlyk goýberen adam akmak däl-de, hiç haçan ýalňyşmaýan adam akmakdyr.
D.P.Robson.
Eger-de sen gözlemeseň, başgalar taparlar.
Robert Oppengeýmer.
Eger-de, sen ýalňyşmadyk bolsaň, diýmek, onda sen hiç hili täze bir iş eden dälsiň.
Eger-de bu saňa möhüm bolsa, sen wagtam, mümkinçiligem, ýolam taparsyň. Eger-de möhüm däl bolsa – bahana.
Joan Rouling.
Alada, ýagny beýlekilere üns bermek gowy durmuşyň esasydyr, gowy jemgyýetiň özenidir.
Konfusiý.
Eger-de biri-birimiziň durmuşyny ýeňletmäge tagalla etmeýän bolsak, onda näme üçin ýaşaýarys?!
T. Eliot.
Durmuş mugt zat bermeýär, ykbalyň her bir ynsana beren zadynyň gizlin bahasy bar.
S. Sweýg.
Durmuşyň her bir pursadyny çuňňur many bilen doldurýan ynsan, öz ömrüni uzaldýar.
I.Kurs.
Eger-de, dostluk gutaran bolsa, diýmek onda ol hiç haçan bolan däldir.
Mark Twen.
Sen dogry iş etseň, muny hiç kim ýatlamaýar. Ýalňyşsaň welin, hiç kim unutmaýar.
Wiktor Gýugo.