Angliýaly ýarymgoragçy Jordan Henderson 12 ýyllyk “Liwerpul” karýerasyny tamamlady. 33 ýaşyndaky futbolçy “Liwerpulyň” ozalky ýyldyzlaryndan Stiwen Jerrardyň tälim berýän “Al-Ittifak” toparynyň düzümine goşuldy. “Liwerpul” Hendersonyň transferinden 12 million funt hem-de goşmaça tölegler alar. Henderson “Liwerpulda” 492 oýunda 33 gol geçirdi.

“Al-Ittifak” topary ýene bir futbolçyny transfer etdi.  Fransiýanyň “Lion” klubunyň hüjümçisi Mussa Dembele mundan soň karýerasyny “El-Ittifak” toparynda dowam etdirer. Fransiýaly 27 ýaşyndaky oýunçy “El-Ittifak” bilen 3 ýyllyk ylalaşyga gol çekişdi. Erkin agent ýagdaýynda klubuny üýtgeden Mussa Dembele “Lionda” 5 möwsümde 172 oýunda 70 gol geçirdi. “Fulhamdyr” “Seltik” hem-de “Atletiko Madrid” klublarynda-da oýnan Dembele şu wagta çenli 140 goly derwezä girizdi.