Ady So­ni bol­sa-da, oňa So­na di­ýip ýüz­le­ner­di­ler, bu söz bol­sa, “al­tyn” diý­me­gi aň­lad­ýar­dy. Ol he­niz ju­da ki­çi­jik ça­ga­ka adam­lar ony apa­lap, adat­ça: “Mu­nuň haý­sy­dyr bir ba­ýa ýar bo­lup, ag­ra­my on to­la1 ba­ra­bar sap al­tyn­dan edi­len nath2 da­kyn­ja­gy gör­nüp dur!” di­ýer­di­ler.
Ol ösüp-ör­ňäp ulal­dy­gy­ça, adam­lar şu söz­le­ri has-da kän gaý­ta­lar­dy­lar. So­ni­niň özi-de adam­la­ryň nä­me hak­da aýd­ýan­la­ry­na kem-kem­den dü­şü­nip baş­lap­dy. Ol öz ýa­nyn­dan “Bar­jam­ly äre ba­raý­mak, bur­nu­ňa-da ul­la­kan owa­dan nath da­kyn­mak her ke­se ýet­di­ri­bem du­ra­nok ahy­ryn. Adam­la­ry­ňam onuň al­tyn nat­hy­na gö­zi dü­şen­de ba­hyl­lyk bi­len ba­ýyň aýa­lyn­dan baş­ga hiç kim däl­dir öý­düp pi­kir eder­ler!” di­ýip şat­la­nar­dy.
Sap al­tyn­dan nath da­kyn­ma­gy ýü­re­gin­de bes­län­soň, ol hat­da eje­si bur­nun­dan ki­çi­jik de­şik de­şen­de hem wah diý­män­di.
Şon­da eje­si:
– Bur­nu­ňa kü­müş sa­pak da­kyn, se­ret, ony so­g­raý­ma, ýog­sam, de­şi­gi bi­ter. Ula­laň­soň sa­pa­ga de­rek sap al­tyn­dan ýa­sa­lan ha­ky­ky nath da­ky­nar­syň – di­ýip­di.
So­na ösüp gel­ýär­di, her ýy­lam onuň bur­nu­na kü­müş sa­pa­gyň has ýo­gyn­ra­gy­ny dak­ýar­dy­lar.
Ka­ka­sy:
– Yn­ha dur­mu­şa çy­kar­syň, nath da­ky­nar­syň, ýö­ne nath diý­ýän­le­ri agyr zat­dyr, şo­nuň üçi­nem oňa hä­zir­den ta­ýyn­lyk gör­gün – di­ýip, oňa my­la­ýym­lyk bi­len gö­wün­lik be­rer­di.
So­na gün-gün­den, sä­her­de açy­lan lo­tos de­ýin bar­ha görk­len­ýär­di.
Ha­çan-da, So­na gu­ýu­dan suw al­ma­ga gi­den­de, adam­lar ba­hyl­lyk bi­len onuň yzyn­dan ga­rap, göw­nü­ýet­mez­çi­lik bi­len baş­la­ry­ny ýaý­ka­şyp: “Ha­ma­la, eý­ýäm ba­ýyň maş­ga­la­sy bo­lup, bur­nun­da-da ag­ra­my on to­la­dan kem bol­ma­dyk, sap al­tyn­dan nath bar ýa­ly hon­dan bär­si bo­lup gel­ýär” di­ýer­di­ler.
Oba­daş­la­ry­nyň özü­ne se­red­ýän­di­gi­ni aň­ýan So­na has-da be­ter go­mal­ýar­dy.
– Siz nä­me diý­se­ňiz di­ýi­be­riň, men hök­man ag­ra­my on to­la­dan az bol­ma­dyk, sap altyn­dan ýa­sa­lan nat­hy da­ky­na­ryn!
So­na gö­ze gör­nüp ug­ran­soň, onuň ka­ka­sy­nyň ýa­ny­na sö­zaý­dy­jy­lar ge­lip baş­la­dy­lar. Il­kin­ji bo­lu­bam, og­ly ýa­ňy-ýa­kyn­da mek­de­bi ta­mam­lan go­ja gel­di.
– Ha­ny, gy­zyň tä­leý­na­ma­sy­ny gör­kez: ol haý­sy ýyl­dy­zyň as­tyn­da do­gul­dy­ka? Ýyl­dyz­na­ma­ny gör­kez­seň, gür­rü­ňi do­wam et­se­gem bo­lar.
– Se­niň og­luň nä­me kär ed­ýär?
– Ýap-ýa­ňy mek­de­bi ta­mam­la­dy. Döw­let gul­lu­gy­na git­sem diý­ýä.
– Gel­ne nä­çe­räk be­zeg şaý­la­ry­ny sow­gat edip bi­ler­si­ňiz?
– Hiç hi­li şaý be­rip bil­jek däl. Og­lan bi­lim al­dy. Bag­ty açyl­sa, Bi­ri­ba­ram ony göz­den sa­la­sy ýok. Be­zeg şaý­la­ry üçin pu­ly özem ga­za­nar.
– Bi­li­miň özi, el­bet­de, er­bet zat däl, ýö­ne ol hem­mä­ni ba­ýa­da­ýa­nok-da? Sen öz og­lu­ňa bi­lim be­rip­siň, bu go­wy zat: bi­ziň döw­rü­miz­de bi­lim­siz bol­ma­ly däl. Em­ma men öz gy­zy­my di­ňe, kim­de-kim oňa ag­ra­my al­ty to­la­dan kem bol­ma­dyk, sap al­tyn­dan ýa­sa­lan nat­hy sow­gat ber­se, şo­ňa-da ber­jek.
– Me­niň og­lum bi­lim­li adam ahy­ryn. Yn­ha işe du­rar, maş­ga­la­sy­ny­ňam gün-gü­ze­ra­ny go­wu­la­nar, ana şon­da, goý her gün tä­ze şaý­la­ry aly­ber­sin. Men we­lin, oňa al­tyn nath sow­gat edip bil­jek däl, üs­te­si­ne-de, ag­ra­my al­ty to­la­ly­gy­ny. Bu me­niň güý­jü­miň ýet­jek za­dy däl.
– On­da nä­me, ga­ryn­daş bol­mak bi­ziň ne­si­bä­miz­de ýok­dur-da.
– Agam, öý­len­jek ýi­git ýö­ne­keý adam däl ah­be­tin, bi­lim­li ahy­ryn – di­ýip, ola­ryň ýa­nyn­da otu­ran, bir ma­hal­lar­dan bä­ri öý­li-işik­li, So­na­nyň do­ga­nog­la­ny Nat­hu dil­len­di.
– Eý­sem, bi­ziň to­hu­my­myz­da kim­dir bi­ri­niň bi­li­mi bar­my? Ber So­na­ny, ökün­mer­siň. Be­zeg şaý­la­ry bol­ma­sa bol­ma­syn, şon­su­zam ýa­şar­lar, bagt­la­ry bol­sa bol­ýa-da.
– Sen bu işe ga­tyş­ma, Nat­hu! Hiç ha­çan me­niň ýa­nym­da beý­le gür­rüň et­me! Şaý­syz-be­zeg­siz, hem ha­ky­ky nath­syz bol­saň, adam­lar sy­la­maz­lar. Ha­çan-da aýakýa­laň, baş açyk ge­zip ýör­me­li bol­sa, on­da­nam bir bagt bo­lar­my?
– Agam, sen ýeň­ňem­de­nem bir so­rap gö­räý­me­li eke­niň-dä. Ol nä­me di­ýerkä?
– Ol nä­me diý­sin? Olam şo­ny aý­dar-da! Ol nä­me, öz gy­zy­nyň bü­tin öm­rü­ni bur­ny bir kü­müş sa­pak­ly ge­çi­re­ni­ni is­le­ýän­dir öýd­ýä­miň?!
– Ýö­ne, so­ra­laý­sa-ha, kem bol­maz­dy.
– Eger beý­le so­ra­syň ge­lip bar­ýan bol­sa, on­da bar, özüň so­raý!
Nat­hu ota­ga gi­rip, ýeň­ňe­si bi­len iki­çäk otu­ryp, öý­len­jek ýi­gi­diň bi­lim­li­li­gi­ni öwüp, iç­gin-iç­gin gür­leş­di.
– Onuň oku­wy bi­ziň nä­mä­mi­ze der­kar, og­lum! Oka­sa, özi üçin okap­dyr-da, onuň bi­lim­iniň So­na hiç hi­li ne­pi deg­mez. Goý, ol kür­sü­de otur­ma­syn, söw­da iş­gä­rem bol­ma­syn: goý, äh­li oba aýal­la­ry ýa­ly eli orak­ly ot ýy­gyp, odun­lyk üçin gu­ry te­zek çöp­le­sin ýö­ne, So­na­nyň bur­nun­da hök­ma­ny su­rat­da aras­sa al­tyn­dan nath bol­ma­ly. Nath bol­ma­sa, gu­da-da bo­lup bil­me­ris!
– Ýeň­ňe diý­ýän-ä, men-ä, So­na­nyň özün­de­nem bir so­rap gö­räý­me­li­mi­kä diý­ýä­rin, onuň özi nä hy­ýal­daka?!
– So­na­dan so­ra­ma­gyň ha­ja­ty ýok. Ol hem edil biz ýa­ly pi­kir ed­ýän­dir.
– Her ni­çik-de bol­sa, nä pi­kir­de­di­gi­ni bil­sek go­wy bo­lar­dy-da.
So­ra­gy eşi­den So­na, gy­jy­nyp jo­gap gaý­tar­dy:
– Çem ge­le­ne äre be­rer ýa­ly, men nä­me ene­siz-ata­syz ösüp, ula­lan ýe­tim­dir öýd­ýä­ňiz­mi?
– Diň­le, Nat­hu, diň­le!.. – di­ýip, otag­dan ýeň­ňe­si­niň se­si eşi­dil­di:
– Eşit­diň­mi, in­di So­na­nyň nä­hi­li pi­kir­de­di­gi­ni?
– Eşit­dim, ýeň­ňe.
Tä­ze sö­zaý­dy­jy­lar yzy­ny üz­män ge­lip dur­du­lar: sy­rat­ly, sag­dyn be­den­li, bi­lim­li, ýaş ýi­git­le­riň ka­ka­la­ry ýa-da öz ga­ra zäh­me­ti bi­len gün-gü­ze­ra­ny­ny do­la­ýan pu­ka­ra ýe­tim­le­riň hos­sar­la­ry, ýö­ne So­na­ny ola­ryň hiç bi­ri­ne-de ber­me­di­ler.
– Gün geç­di­gi­çe, gy­zyň ýa­şam gi­dip bar­ýa. Ony bü­tin öm­rü­ne ata­sy öýün­de sak­lap bol­maz-a! – di­ýi­şip, aýal­lar gep ýaý­ra­dyp baş­la­dy­lar.
– Diý­mek, gar­ra­ýan­ça ten­ha­lyk­da sak­la­mak­çy bol­ýan­dyr­lar!..
Em­ma So­na­nyň ka­ka­sy öz di­ýe­ni­ni tut­dy:
– Goý, gar­ry­gyz bo­lup gal­syn – şo­ňa-da ra­zy, ýö­ne ony baý ada­ma be­re­rin. Men öz gy­zy­my haý­sy­dyr bir ga­ry­ba, ýe­ňi­ýo­lu­ga be­rip bil­men-ä? Ge­lin­li­gi­ne ag­ra­my ba­ry-ýo­gy al­ty to­la­lyk sap al­tyn­dan ýa­sa­lan nat­hy sow­gat be­rip bil­me­ýän maş­ga­la­da­nam bir maş­ga­la bo­lar­my?
So­na­nyň eje­si hem ýan­ber­me­zek­di, So­na­nyň özi-de baş­ga zat ba­ra­da pi­kir et­me­ýär­di.
Ahy­ryn­da, ge­lin­li­gi­ne ag­ra­my al­ty to­la ba­ra­bar, sap al­tyn­dan ýa­sa­lan nat­hy sow­gat be­rip bil­jek bir the­ke­dar3 ta­pyl­dy, öý­len­jek ýi­git bir har­py ta­na­ma­sa hem gu­da bo­lun­dy. To­ýuň sä­he­di­ni dog­ry bir aý öňün­den bel­le­di­ler.
Ag­ra­my al­ty to­la­dan bir gra­my hem kem bol­ma­dyk, tu­tuş sap al­tyn­dan nat­hy to­ýuň has öňün­den al­dy­lar. So­na sow­gat ber­len nat­hy il­kin­ji ge­zek da­kyn­dy. Ol agy­ry­ly bol­dy, ýö­ne ba­ry­bir çy­da­dy.
Oba­da gep-gy­bat­lar ýa­tyş­dy. Ulu­lar öz gyz­la­ry­nyň, gyz ag­tyk­la­ry­nyň bur­nun­da­ky de­şik­le­ri bar­lap baş­la­dy­lar. Oba­nyň äh­li öý­len­jek ýi­git­le­ri kem­sin­di­ler.
Ag­ra­my al­ty to­la­lyk, sap al­tyn­dan ýa­sa­lan nath! Pot­rat­çy­nyň aýa­ly hem ba­ýyň gel­ni! The­ke­da­ryň bag­ty ge­tir­di, beý­le bagt her ke­se ýet­di­rä­ýe­nok!
To­ýy ulu­dan tut­du­lar, tiz wagt­dan So­na­nyň adamsy şä­her gur­lu­şy­gy bo­ýun­ça pot­rat­dan bir­nä­çe müň möç­ber­de lo­maý pul ga­zan­dy.
Gaý­yna­ta:
– Gö­ýä, öz öý­le­ri­ne So­na bi­len Lakş­mi­niň4 edil özi gi­ren ýa­ly bol­dy – di­ýip gop­bam­sy­ra­dy. So­na-Lakş­mi öýe des­si­ne bagt ge­tir­di, şo­nuň üçi­nem onuň nat­hy­na ýe­ne-de al­tyn goş­du­lar, şeý­le­lik­de, bu­run­hal­ka has-da ag­ral­dy. Onuň üçin bi­le­zik­le­ri, gym­mat ba­ha­ly mon­juk­la­ry, hem aýak­la­ra da­kyl­ýan şaý­la­ry bu­ýur­dy­lar, bu­la­ryň äh­li­sem sap al­tyn­dan­dy.
– Gel­ni­miz öýü­mi­ze rys­gal-döw­let ge­tir­di. Al­ty­nam gel­ne ne­sip et­sin – di­ýip, gaý­yna­ta ulum­sy­lyk bi­len öw­ran-öw­ran gaý­ta­la­ýar­dy. In­di ol oba­nyň için­den ge­çen­de, So­na däl-de, edil tyl­la­dan ýa­sa­lan heý­kel ýö­räp gel­ýän ýa­ly­dy. Oba kim gel­se-de, ony gö­ren ba­dy­na, ba­ýyň, ýö­ne bir ba­ýy­ňam däl, eý­sem, lak­hy5 müň­läp ag­dar­ýan ba­ýyň gel­ni­di­gi­ni ýal­ňyş­man kes­git­läp bi­ler­di.
So­na­nyň ka­ka­sam gop­bam­sy­rap:
– Söz aýt­ma­ga hat­da, ga­ra şa­ýa deg­me­ýän­le­rem ge­lip­di­ler-de: “Sa­hib6, gy­zy­ňy ber-dä, sak­la­ma, ha­ça­nam bol­sa, birwagt gö­çür­me­li bo­lar­syň-a” diý­ýär­di­ler. Ha­ny, şo­lar­dan kim­dir bi­ri ma­ňa in­dem bir: “Sen bi­mam­la” di­ýip gör­sün-dä! Gu­da şoba­da dü­şün­di, ba­şy­na döw­let gu­şu­nyň go­nan­dy­gy­na!
Adam­lar ony diň­le­se­le­rem, ses­le­ri­ni çy­kar­ma­ýar­dy­lar.
Hä diý­män, So­na­nyň ça­ga­sy bol­dy, ol bä­be­ji­gi­ni bir mi­nu­tam elin­den dü­şür­män, şo­ňa güm­ra bol­ýar­dy, per­zen­di­ne ýa-da gy­myl­da­sa, jyň­ňyr­dap du­ran al­tyn şaý­la­ry­na gö­zi dü­şen­de, So­na­nyň edil sä­her­de açy­lan lo­tos ki­min ýü­zi ýag­ty­lyp gid­ýär­di.
Ça­ga bir­nä­çe aý­lyk bo­lan­soň, ol eje­si­niň en­dam-ja­nyn­dan asy­lan ýal­pyl­da­wuk şaý­la­ra el­ja­gaz­la­ry­ny uza­dyp baş­la­dy. Kör­pe­je şo­la­ry oý­na­ma­gy go­wy gör­ýär­di. Al­ty­nyň ýa­kym­ly ýal­pyl­dy­sy ony özü­ne çek­ýär­di. Ol eje­sin­den baş­ga hiç ki­miň elin­de dur­ma­ýar­dy. Eger-de kim­dir bi­ri ony eli­ne alaý­sa, ag­lap baş­la­ýar­dy, äh­ti­mal, hiç kim­de onuň eje­sin­dä­ki ýa­ly şon­ça ýal­pyl­da­wuk “oýun­jak­la­ryň” ýok­du­gy üçin­dir. Ol eje­si­ne gys­myl­jy­rap, al­tyn mon­juk­la­ry oý­na­ma­gy äh­li zat­dan go­wy gör­ýär­di.
So­na­nyň adam­sy ýe­ne bir dü­şe­wünt­li pot­ra­ty ýe­ri­ne ýe­tir­di, nat­hyň ag­ra­mam ýe­ne tu­tuş bir to­la art­dy­ryl­dy. Nath has ag­ral­dy, in­di So­na­nyň bur­ny he­mi­şe agy­ryp dur­dy. Eger ça­ga ýal­pyl­da­wuk hal­ka­dan çe­käýse, agy­ra çy­dar ýa­ly bol­ma­ýar­dy. Bu­run­hal­ka ag­ral­dy­gy­ça, onuň bur­nu­da­ky de­şi­gi hem gi­ňel­ýär­di. Kä­ma­hal­lar hat­da ýe­ne bi­raz ag­ral­sa, nath onuň bur­nu­ny ýi­räý­jek ýa­ly bo­lup du­ýul­ýar­dy.
So­na­nyň äri ýe­ne-de um­ma­syz pul ga­zan­dy, nat­hyň ag­ra­mam bir to­la­lyk art­dy. So­na­nyň nat­hy the­ke­da­ryň maş­ga­la­sy­nyň ýü­zü­niň gör­ke­zi­ji­si­di: al­ty­nyň her bir tä­ze to­la­sy sy­lag-hor­mat ýa-da alym­lyk de­re­je­si ýa­ly­dy. Nat­hyň ga­ba­ra­sy nä­çe uly bol­sa, maş­ga­la­nyň hal-ýag­da­ýam şon­ça ro­waç­dy.
In­di onuň bur­ny di­ňe gi­je däl-de, gün­di­zem agyr­ýar­dy. Nath sä­hel­çe gy­myl­da­sa-da aza­ryň ýa­ma­ny­ny ber­ýär­di. Hat­da uku­da hem ony ýa­dyn­dan çy­ka­ryp bil­me­ýär­di: ýas­sy­ga ça­la­ja de­gäý­se-de, edil ýü­re­gi­ne han­jar san­jy­lan ýa­ly bol­ýar­dy. Ça­ga-­da zol-zol ýal­dy­ra­wuk hal­ka el­ja­gaz­la­ry­ny uzad­ýar­dy. In­di nat­hyň ag­ra­my dokuz to­la­dy. Şo­nuň üçi­nem gi­je-gün­di­ziň ýig­ri­mi dört sa­ga­dy­nyň do­wa­myn­da-da, onuň yza­sy ýe­tik­di.
Agy­ry­sy çy­dam­syz ýag­da­ýa ýe­ten­soň, So­na gün­ler­de bir gün gor­ka-gor­ka gaý­yne­ne­si­ne ýüz­len­di:
– Men bur­nu­ma agyr nat­ha de­rek, ýe­ňil­jek bu­lak da­kyn­sam bol­maz­my­ka?
Gaý­yne­ne jo­ga­ba de­rek il­ki bi­len So­na­nyň ene-ata­sy­nyň hem-de öten-ge­çen­le­ri­niň ha­ty­ra­sy­na do­ga oka­dy, soň­ra bol­sa, oňa gy­jyt be­rip baş­la­dy:
– Baş­ga­lar-a bü­tin öm­rün­de bir ge­ze­gem elin­de al­tyn sak­la­bam gör­me­di­ler, a sen bol­sa, ga­dyr bil­mez di­ýen­le­ri-dä, “bu­lak” diý­ýäň! Men öz og­lu­myň ab­ra­ýy­na ça­lyş­ýan! Gaý­dyp, men sen­den şeý­le söz­le­ri eşi­däý­mä­ýin! Nath diý­ýän­le­ri bagt ge­tir­ýär ahy­ryn. Ni­ka­da dur­ýan ze­nan ony he­mi­şe da­kyn­ma­ly­dyr: ag­la­sa­ňam-eň­re­se­ňem da­kyn­ma­ly!
– Nath me­niň bur­nu­myň de­şi­gi­ni tu­tuş dil­di, ýu­ka­jyk ham­da asy­lyp dur. Bu­la­gam ba­rybir al­tyn ahy­ryn, ýö­ne ol bir­ne­me ýe­ňil­räk-dä…
– The­ke­da­ryň aýa­ly bur­nu­na ýö­ne­keý bu­lak da­kyn­syn! Bu ni­re­de gör­len zat­my­şyn! Sen di­ňe özüň hak­da däl-de, maş­ga­la­nyň ab­ra­ýy ha­kyn­da pi­kir et­me­li!
– Eger tu­tuş bur­nu­my di­läý­se nä­me?
– Pä­heý, di­len­de nä­me? Dil­se luk­man ti­ker-dä.
So­na bir­nä­çe gün dy­myp gez­di. Ýö­ne, agy­ry çy­da­maz ýa­ly ýag­da­ýa ýe­ten­de, ol ýe­ne-de bu ba­ra­da gaýy­ne­ne­si­niň ýa­nyn­da dil ýar­dy.
Gaýy­ne­ne­si ýü­zü­ni-gö­zü­ni ga­maş­dy­ryp:
– Se­niň ka­kaň özi aýt­dy ahy­ryn: “gy­zy­my, kim­de-kim oňa sap al­tyn­dan nath sow­gat et­se, şo­ňa-da be­re­rin”. Ag­ra­my­nam aýt­dy ahy­ryn, “al­ty to­la” di­ýip. A şon­da sen ni­re­de­diň? Baş­ga bi­ri­ne dur­mu­şa çy­kaý­ma­ly eke­niň-dä. Bi­ziň gü­nü­miz sa­ňa gal­man­dyr!
So­na ça­ga­sy­ny gol­tu­gy­na gy­syp, jaý­dan çy­kyp git­di.
Onuň äri, no­bat­da­ky pot­ra­ty­ny ta­mam­lap, ýa­ňy-ýa­kyn­da öýü­ne do­la­nyp­dy. So­na öz ýa­nyn­dan, “eger ol ýe­ne-de go­wy ga­zanç eden bol­sa, nat­hyň ag­ra­mam ar­tar, in­di on to­la çen­li!” di­ýip gaý­ga bat­dy. “Şu sa­par çyk­da­jy­ly bo­lan bo­laý­sa­dy… Ýok, ýok! Go­wu­sy, ol çy­dar! Goý, ola­ryň baý­ly­gy Be­ýik Bi­ri­ba­ryň era­da­sy bi­len gün­sa­ýyn däl-de, sa­gat­sa­ýyn art­syn… Bur­num nä­hi­li bo­lar­ka?! Nat­hy nä­me et­me­li bo­lar­ka?!”
Adam­sy pot­rat­dan bir­nä­çe müň ru­piýa ga­za­nyp­dy. So­na tis­gi­nip git­di: “diý­mek, nat­hyň ag­ra­my ýe­ne-de ar­tar!”
Ol öz çek­ýän jeb­ri-je­pa­la­ry hak­da, gö­zün­den bo­ýur-bo­ýur ýaş dö­küp, adam­sy­na gür­rüň ber­di. Äri ga­ra­şyl­ma­dyk ýer­den ga­zap aty­na at­lan­dy:
– “Itiň boý­nu­na göw­her dak­saň, item ag­lar, göw­he­rem” di­ýiş­le­ri ýa­ly, sen-ä bir ga­dyr bil­mez eke­niň! Mu­ňa nath päs­gel ber­ýä­mi­şin! Bu­lak ge­rek­mi­şin! Nä­me, men ba­typ gal­dym­my, sen ýö­ne­keý bu­run­hal­ka da­ky­na­ryň ýa­ly? Sen adam­laň nä­hi­li gür­rüň et­je­gi hak­da pi­kir­le­nip bir gör­düň­mi?! “Pot­rat­çy­nyň aýa­ly bo­lu­bam, ýö­ne­keý bu­lak da­kyn­ýar” di­ýer­ler. Bur­nuň­da al­tyn nath bol­sa, diý­mek, maş­ga­la­nyň bar işi şo­wu­na bo­lup, bag­ty açyl­dy­gy!
Bu gi­je So­na­nyň gö­zü­ne çiş ka­ky­la­na dön­di, ir­ki­lip bil­me­di. Ha­çan-da, agy­ry­dan ýa­ňa ham­sy­gyp, ada­ja hor­kul­dap ug­ran­da, gaý­yne­ne­si oňa gy­gy­ryp, kä­ýäp baş­la­dy:
– Ah, sen, ga­dyr bil­mez, bi­sy­rat diý­sä­ni! Äriň şon­ça wagt öý­de bol­man, in­di ge­len­so­ňam, ony göz­ýaş bi­len gar­şy­la­ýaň­my?! Nä­me, göz­ýaş eden bo­lup, onuň ba­şy­ny be­la uç­rat­jak bol­ýaň­my?! Eneň-ata­ňy gö­re­siň gel­ýä­mi?! Ça­gaň hak­da oý­lan! Äriň ge­len­de şat­lan­ma­ly ahy­ryn, sen bol­sa, göz­ýa­şa gark bo­lup otyr­syň. Gü­nüň biz­de beý­le agyr geç­ýän bol­sa, er­ti­riň özün­de ataň öýü­ne ug­ra! Kim se­ni dün­ýä in­de­ren bol­sa, şo­lam kö­şeş­dir­sin!
So­na ho­wa­tyr­lan­dy, aýasyny maň­la­ýy­na ýe­ti­rip, ses­siz di­leg bi­len Bi­ri­ba­ra ýalbardy: “Goý, me­niň bag­tym öm­rü­miň ahy­ry­na de­ňeç özü­me ne­sip et­sin!”
Äri tä­ze­den ere­dip gu­ýar ýa­ly Su­na­ra7 ber­mek üçin aýa­ly­nyň bur­nun­dan al­tyn hal­ka­ny çy­kar­ýan­ça, nath bur­nuň de­şi­gi­ni dilip ýe­re gaç­dy.
Gaý­yne­ne:
– Ony luk­ma­nyň ýa­ny­na äki­diň, goý, onuň bur­nu­ny ti­ksin – di­ýip, gör­kez­me ber­di.
Gaý­yna­ta:
– Nat­ham Su­na­ra el­tip be­riň, goý, onuň üs­tü­ne al­tyn goş­sun. In­di nat­hyň ag­ra­my on to­la sap al­tyn bo­lar – diý­di.

Ter­ji­me eden My­rat Goş­ly­ýew.