Garaşsyzlyk ýyllarynda milli ýörelgelerimiziň täzeden dikeldilmegi bilen, türkmen halkynyň baý mirasy täze öwüşgine eýe boldy. Şeýlelikde, taryhyň sahypalarynda hemişelik yz goýan pederlerimiziň şöhratly ýoly milli mirasymyzda öz beýanyny tapyp, bu günki günde älem-jahana ýaýrady.
Türkmen halkymyzyň öz gözbaşyny taryhyň müňýyllyklaryndan alyp gaýdýan milli mirasynyň taryhy diýseň baýdyr. Biziň dana ata-babalarymyz taryhy-medeni we ruhy-ahlak gymmatlyklary döredipdirler. Şol gymmatlyklar asyrlaryň dowamynda kämilleşdirilip, mizemez derejä ýetirilipdir. Şolaryň biri-de türkmen öýleriniň törüni bezeýän ululy-kiçili, dürli reňkdäki nepis türkmen keçeleridir.
Keçeler özleriniň döreýiş taryhy boýunça türki halklaryň, esasan-da, çarwalaryň arasynda ýaşaýyş durmuş şertlerine laýyklykda has irki döwürlerde ýüze çykypdyr. Alymlaryň tassyklamaklaryna görä, irki çarwa gurnama öýleri ilki Merkezi Aziýada döräpdir. Şol öýlere degişli ýazgylara miladydan öň, V asyrda ýaşap geçen grek taryhçysy Geredotyň işlerinde duş gelinýär.
Keçeleriň döreýiş taryhynyň çuňlugy ýaly onuň taýýarlanyş usuly-da diýseň çylşyrymlydyr. Her keçe özüniň aýratyn bir özboluşlylygy, möçberi, hili we nagyşlary arkaly tapawutlanýar. Olary taýýarlamak üçin ussatlyk, ezberlik, irginsiz zähmet zerur.
Keçe diňe goýun ýüňünden edilýär. Goýunlaryň ýazda gyrkylan ýüňleri süýüm taýdan uzyn bolýar. Ýaz ýüňleri ilki ýuwulýar, soňra guradylyp saýylýar we ýüň darakda daralýar. Güýzde gyrkylan goýun ýüňi özüniň süýüminiň gysgalygy bilen ýaz ýüňünden tapawutlanýar. Ýüňler aýyl-saýyl edilenden soň boýalýar. Boýalan ýüňler dury suwda ýuwlup, oňat guradylanyndan soňra ýüňler täzeden darakda daralyp, darak dişi hem-de pişge çykarylýar. Pişge keçäniň nagyşlaryny etmek üçin ýogyn we inçe görnüşde süýülýär.
Tekiz ýere ýazylan örme gamşyň üstüne inçe ýüň bilen nagyşlaryň keşbi çekilýär. Alajalar, gülýakalar bilen keçäniň nagşy doly bezelip bolnandan soň, ak ýüňler bilen arkasy doly ýapylýar. Gara ýüňler bilen nagyşlaryň töweregindäki boş goýlan gyra ýerleri doldurylýar.
Keçäniň ähli işleri boldum edilensoň, gamşyň iki tarapyny deň edip, düýrläp berk daňylýar. Soňra ony dikläp iki gapdalyndan gaýnag suw guýulýar. Gowy ezilenden soň ikitaraplaýyn çekmäge başlaýarlar. 1,5 – 2 sagat çekilen keçe ýuwaşlyk bilen çözülip, gamşyň üstinde basmaga taýýarlanylýar. Iki gapdaly deňje edilip, gamyşdan taýýarlanan diwarjyklara sürtüp, 5-6 sagat basylýar. Gyralary sürtülen keçe, onuň basymynyň ýetendigini aňladýar.
Işeňňir zenanlarymyzyň irginsiz zähmeti bilen gül keşbine meňzäp duran keçeler, türkmeniň agzybir ojagynyň törüni bezeýär.