Çygly we salkyn ýerlerde ýaşaýan çybynlar tomus aýlarynda adamlary has biynjalyk edýär. Olar bedeniň gyzgynlygyna, derlemäniň netijesinde çykýan ysa gelýärler. Goýy reňkli eşikler hem peşeleri özüne çekýär.
Çybynlardan goranmak üçin bedenimiziň açyk ýerlerine (el, aýak, ýüz) ýörite çybyn getirmeýän kremler çalynýar. Düzümindäki maddalaryň täsiri bilen olar adamlardan uzaklaşýar. Emma bu kremleriň aşa köp çalynmagy ynsan derisine ýaramaz täsir edýär. Aslynda tebigy ýollar bilen çybynlardan goranmak hem mümkindir.
Bir sogany ikä bölüp, ýakynyňyzda goýup bilersiňiz. Emma soganyň ysynyň ýaramaz täsir etmegi hem mümkindir. Elbetde soganyň ysy bilen çybynyň çakmagyny deňeşdirsek, sogany saýlajakdygyňyza şübhe edemzok. Çybynlaryň halamaýan ösümlikleriniň ýene-de biri reýhandyr. Onuň ýakymly ysyny çybynlar hiç halamaýar. Bulardan başgada gwozdika, balzam (otlardan taýýarlanan derman ýagy), narpyz, lawanda, zenjebil, rozmarin ýaly ösümlikleriň ýaglaryny bir mukdar suwa damdyrylyp, ony endamymyza çalnanda peşeleri kowmak ukyby bolýar. Ýaşyl limonyň üstüne goýlan gwozdika (karanfil) çybynlary uzaklaşdyrýar. Narpyz ysly dezodorantlar hem çybynlardan goranmakda täsirlidir.
Çybyn çakandan soňra endamdaky gijelewügi ýa-da çişi aýyrmak üçin şu usullary peýdalanyp bilersiňiz.
Çiş ýere buz goýmak ýa-da diş pastasyny çalmak gijelewügi hem-de çişi azaldýar.
Alma sirkesine batyrylan pagta hem peýdalydyr.
Gury sabyny çybynyň çakan ýerine sürtmek we gabartma tozy bilen suwdan ýasalan ýapgy gijelewügi hem-de çişi aýyrmakda täsirlidir.
Ary balyny çalmak hem çybynlardan geçip biläýjek ýokançlyklaryň öňüni almakda peýdalydyr.
Oňa sarymsak sürtülende hem azajyk awşama bolýar, emma derini rahatlandyrýar.
Beýle ýagdaýlarda akar suwda saklamak hem peýdalydyr.