Sy­ýa­ha­ta git­mez­den öň me­ýil­leş­di­ril­ýän şä­he­riň ge­og­ra­fik ýer­le­şi­şi, bi­na­gär­lik gur­lu­şy, adam­la­ry we ulag üp­jün­çi­li­gi öwrenilýär. Köp­ler uly şä­her­le­re ge­ze­lenç et­me­gi ha­la­ýar, şä­her te­bi­ga­ty­ny syn­la­ma­gy go­wy gör­ýär, köp­ler bol­sa, ki­çi­jik şä­her­le­re ge­ze­lenç et­me­gi ha­la­ýar­. Dün­ýä­de ki­çi­jik şä­her­le­riň bir­nä­çe­si bo­lup, hat­da bu ilat­ly ýer­ler oba­la­ra meň­ze­ýär. Sy­ýa­hat­çy­la­ryň bel­le­me­gi­ne gö­rä, ki­çi­räk şä­her­le­re ge­ze­lenç et­mek ada­my ýa­dat­ma­ýar, şeý­le hem şä­he­riň ki­çi­li­gi onuň äh­li ýe­ri­ni syn­la­ma­ga we öw­ren­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär.
Ga­ze­ti­mi­ziň şu sa­nyn­da dün­ýä­niň iň ki­çi sy­ýa­hat­çy­lyk şä­her­le­ri bi­len ta­nyş­dyr­ýa­rys.

Wa­ti­kan. Dün­ýä­niň iň ki­çi şä­her döw­le­ti bo­lan Wa­ti­kan ujyp­syz­ja ýer­de ýer­leş­ýän­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­le­re baý, sy­ýa­hat­çy­la­ryň gelim-gidimli ýer­le­ri­niň bi­ri­dir. Wa­ti­kanyň tut­ýan meý­da­ny 0,49 ine­dör­dül ki­lo­metr bo­lup, 807 ila­ty bar. San Pi­et­ro­nyň Ba­zi­li­ka yba­dat­ha­na­sy, Sis­ti­ne ka­pel bi­na­sy, Wa­ti­kan ba­gy, Wa­ti­kan mu­ze­ýi şä­he­riň iň meş­hur ýer­le­ri­dir. Şä­he­re bar­ýan sy­ýa­hat­çy­lar bu tä­sin­lik­le­re ge­ze­lenç et­mek bi­len bir ha­tar­da Ti­ber der­ýa­sy­nyň ke­na­ryn­da dynç alyp bil­ýär­ler.
Hum. Hor­wa­ti­ýa­nyň gün­ba­ta­ryn­da ýer­leş­ýän bu ki­çi­jik şä­her ga­dy­my ga­la­la­ry bi­len meş­hur­dyr. 13 ine­dör­dül ki­lo­metr meý­da­ny bo­lan şä­her­de 80 tö­we­re­gi adam ýa­şa­ýar. Dün­ýä­niň iň seý­rek ilat­ly şä­her­le­ri­niň bi­ri bo­lan Hu­muň ki­çi­jik ak reňk­li bi­na­la­ry, in­siz daş­ly kö­çe­le­ri we Ka­men­jak ada­sy­nyň ýa­şyl de­pe­le­ri şä­he­re gö­zel­lik ber­ýär. Ga­ýa­nyň üs­tün­de ýer­leş­ýän şä­he­riň iň gö­zel ýe­ri Hum sa­gat di­ňi ha­sap­lan­ýar. Bu ýe­re gel­ýän ja­han­keş­de­ler şä­he­re gysga wagtda ge­ze­lenç edip, Hor­wa­ti­ýa­nyň mil­li ta­gam­la­ryn­dan dadyp, lez­zet alyp bil­ýär­ler.
Dur­buý. Bel­gi­ýa­nyň Wal­lo­ni­ýa se­bi­tin­dä­ki bu ki­çi­jik şä­her yk­dy­sa­dy se­na­ga­ty bi­len beý­le­ki şä­her­ler­den ta­pa­wut­lan­ýar. Ýew­ro­pa­nyň çat­ry­gyn­da ýer­leş­ýän Dur­bu­ýyň tut­ýan meý­da­ny 157 ine­dör­dül ki­lo­metr bo­lup, 12 müň tö­we­re­gi adam ýa­şa­ýar. Bu şä­her­de owa­dan to­kaý­lar, jül­ge­ler, «La Roche-en-Ar­den­ne» ga­la­sy we ta­ry­hy bi­na­la­ry bo­lan se­ýil­gäh­ler bar. Dur­buý te­bi­ga­ty söý­ýän­ler üçin iň go­wy dynç alyş ýer­le­ri­niň bi­ri­dir.
Ez. Fran­si­ýa­nyň Ri­wie­ra sebitinde ýer­leş­ýän bu ki­çi­jik şä­her­çe 1971-nji ýyl­da res­mi taý­dan ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik hök­mün­de ha­sa­ba alyn­ýar. Şä­her or­ta asyr di­war­la­ry we ga­la­la­ry bi­len ta­nal­ýar. Tut­ýan meý­da­ny 9,47 ine­dör­dül ki­lo­met­re ba­ra­bar bo­lan şä­her­de 2 müň­den gow­rak ilat ýa­şa­ýar. Or­ta­ýer deň­zi­niň ke­na­ryn­da­ky da­gyň de­pe­sin­de ýer­leş­ýän bu şä­her ga­dy­my oba­ny ýa­dy­ňa sal­ýar. Eze bar­ýan sy­ýa­hat­çy­lar ga­la­la­ra ge­ze­lenç et­mek bi­len bir ha­tar­da şä­her­de gu­ral­ýan fran­suz fes­ti­wal­la­ryny synlap, lez­zet alyp bi­ler­ler.
Iýa. Gre­si­ýa­nyň San­to­ri­n ada­sy­nyň gü­nor­ta bur­nun­da ýer­leş­ýän bu ki­çi­jik şä­he­re gel­ýän myh­man­la­ryň yzy üzül­me­ýär. Şä­he­riň owa­dan te­bi­ga­ty, gök güm­mez­li ak bi­na­la­ry, aý­law­ly kö­çe­le­ri we Egeý deň­zi­niň haý­ran gal­dy­ry­jy ke­nar­la­ry sy­ýa­hat­çy­lar­da ýat­dan çyk­ma­jak duý­gu­la­ry dö­red­ýär. Tut­ýan meý­da­ny 19,4 ine­dör­dül ki­lo­metr bo­lan ro­man­tik şä­her­iň müň­den gow­rak ilaty bar. Sy­ýa­hat­çy­la­ryň bel­le­me­gi­ne gö­rä, Iýa şä­he­ri bal aýy­ny ge­çir­mek üçin iň ro­man­tik şä­her­le­riň bi­ri­dir.
Ta­sii­lak. Gren­lan­di­ýa­nyň gü­nor­ta-gün­ba­ta­ryn­da ýer­leş­ýän ki­çi­jik şä­her­de 1953-nji ýyl­dan bä­ri ilat ýa­şa­ýar. 2 müň tö­we­re­gi ila­ty bo­lan so­wuk şä­her­de agaç jaý­lar, yba­dat­ha­na­lar we ga­la­la­ryň ga­lyn­dy­la­ry bar. Soň­ky ýyl­lar­da şä­her­de mu­zeý, bir­nä­çe dü­kan we res­to­ran­lar gu­rul­dy. Şä­he­re, esa­san, so­wu­gy söý­ýän sy­ýa­hat­çy­lar gel­ýär­ler. Bu ýer­de buz­ly te­bi­gat­da ge­ze­lenç et­mek bi­len bir ha­tar­da, ak aýy­la­ryň ga­ryň üs­tün­dä­ki tans­la­ry­ny syn­lap bol­ýar. Ta­sii­lak Gren­lan­di­ýa­nyň me­de­ni mer­ke­zi ha­sap­lan­ýar.
Nese­byr. Gü­nor­ta Bol­ga­ri­ýa­nyň Ga­ra deň­zi­niň ke­na­ryn­da ýer­leş­ýän bu şä­her ga­ýa­ly to­kaý­la­ry we dag ge­riş­le­ri­ni öz içi­ne al­ýar. Şä­her owa­dan dag te­bi­ga­ty we daş­ly bi­na­la­ry bi­len ta­nal­ýar. Tut­ýan meý­da­ny 32 ine­dör­dül ki­lo­metre golaý bo­lan şä­her­de 14 müň tö­we­re­gi ilat ýa­şa­ýar. Se­re­wes ga­la­sy şä­he­riň iň meş­hur ýer­le­ri­niň bi­ri bo­lup, di­war­la­ryn­da­ky gül­li na­gyş­la­ry bi­len haý­ran gal­dyr­ýar.
Wil­ýa-La-An­gos­tu­ra. Ar­gen­ti­na­nyň Na­hu­el Hua­pi kö­lü­niň de­mir­ga­zyk-gün­ba­tar ke­nar­la­ryn­da ýer­leş­ýän hö­würt­ge ýa­ly ki­çi­jik şä­her­de te­bi­gy gö­zel­lik­le­riň bir­nä­çe­si bar. Daş-tö­we­re­gi bag­dyr köl­ler bi­len gur­şa­lan bu şä­he­re «Pa­ta­go­ni­ýa ba­gy» hem di­ýil­ýär. Şä­he­riň tut­ýan meý­da­ny 79,6 ine­dör­dül ki­lo­metr bo­lup, 11 müň­den gow­rak ilat ýa­şa­ýar. Sy­ýa­hat­çy­lar bu şä­he­re, esa­san, to­mus we gyş aý­la­ry bar­ýar­lar. Se­bä­bi bu möw­süm­ler­de şä­her te­bi­ga­ty üýt­ge­şik gör­nü­şe eýe bol­ýar. Şä­he­riň dag ýol­la­ry, ly­ža­ly eň­ňit­le­ri, ýer­den çyk­ýan gyz­gyn çeş­me­ler, «bu­lut to­kaý­lyk­la­ry» myh­man­lar­da ýat­dan çyk­ma­jak tä­sir­le­ri gal­dyr­ýar.