«Apple» kompaniýasy önümçiliginiň belli bir bölegini Hindistana geçirmegi maksat edinýär. Munuň üçin kompaniýa «Foxconn Technology Group» bilen şertnama baglaşypdy. Indi bolsa «Foxconn» kompaniýasynyň Hindistanda iki zawod gurjakdygy mälim edildi. Olaryň birinde «iPhone» enjamlarynyň öndüriljekdigi habar berilýär. Bu iki taslama üçin 500 milliard dollara golaý maýa goýum özleşdiriler.
«Bloomberg» neşiriniň habaryna görä, zawodlar ýurduň günortasyndaky Karnataka welaýatynda gurlar. Zawodyň ýeri häzirlikçe anyk belli däl.