Öz­be­gis­ta­na sy­ýa­hat et­mek is­le­ýän Türk­me­nis­tan­dan sy­ýa­hat­çy­lar üçin mag­lu­mat mer­ke­zi “Da­şo­guz-Şa­wat” bar­lag no­ka­dy­nyň çä­gin­de açyl­dy. Bu ba­ra­da Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Sy­ýa­hat­çy­lyk ulag­la­ry as­so­sia­si­ýa­sy­nyň res­mi saý­tyn­da bel­le­ni­lip ge­çil­ýär.
Mer­kez­de Öz­be­gis­ta­na bar­maz­dan ozal äh­li ze­rur mag­lu­mat­la­ry, şol san­da ýurt­da bol­ma­gyň ter­ti­bi, me­de­ni, güý­men­je we köp­çü­lik­le­ýin çä­re­ler, sy­ýa­hat­çy­lyk ýer­le­ri, dynç alyş üçin meş­hur ugur­lar ba­ra­da mag­lu­mat alyp bi­ler­si­ňiz.
Şeý­le hem sy­ýa­hat­çy­lar awia we de­mir­ýol bi­let­le­ri­ni, myh­man­ha­na­lar­da otag­la­ry sar­gyt edip bi­ler­ler, Öz­be­gis­ta­nyň çä­gin­de in­ter­net hyz­mat­la­ryn­dan peý­da­lan­mak hem-de sim-kart sa­tyn al­mak üçin tö­leg­ler edip bi­ler­ler.
Mer­ke­ziň hü­när­men­le­ri Öz­be­gis­ta­na bar­ýan myh­man­la­ra “E-meh­mon” (“E-myh­man”) ul­ga­myn­da ha­sa­ba dur­ma­ga kö­mek eder­ler.
Mer­kez Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ser­dar Berdimuhamedowyň we Öz­be­gis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýe­wiň ara­syn­da­ky gep­le­şik­le­riň ne­ti­je­sin­de ga­za­ny­lan yla­la­şyk­la­ryň ne­ti­je­sin­de müm­kin bol­dy.
Öz­be­gis­ta­nyň Sta­tis­ti­ka eda­ra­sy­nyň mag­lu­ma­ty­na gö­rä, 2023-nji ýy­lyň ýan­war-iýun aý­la­ryn­da 29,5 müň Türk­me­nis­ta­nyň ra­ýa­ty sy­ýa­hat­çy­lyk mak­sa­dy bi­len Öz­be­gis­ta­na bar­dy. Ha­sa­bat döw­rün­de Öz­be­gis­tan 3,1 mil­li­on ja­han­keş­de ka­bul et­di.