Yragyň hökümeti Türkmenistandan tebigy gazy import etmek meselelerini maslahatlaşmak üçin komitet döretdi.
– Ýurduň elektrik energetika ministriniň aýtmagyna görä, hökümet komitet döretmek kararyna geldi, bu komitetiň düzüminde elektrik energetika ministriniň önümçilik boýunça orunbasary, Elektrik energetika ministrliginiň geňeşçisi, Nebit ministrliginiň wekilleri orun aldy, olar Türkmenistan bilen gaz geleşiginiň guramaçylyk meselelerini maslahatlaşar – diýip, Yragyň habarlar gullugy habar berýär.
Bu komitetiň tebigy gazy import etmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin Türkmenistana sapar bilen gelmegine garaşylýar.
Ýurduň import edýän tebigy gazynyň esasy bölegi elektrik beketlerinde peýdalanylýar. Ýurduň günorta böleginde ýerleşýän bu elektrik stansiýalary umumylykda, bir günde 7000 megawat töweregi elektrik toguny öndürýär.