“La Ligada” täze möwsümiň başlanmagyna 1 gün galanda “Real Madrid” toparyny sarsdyran waka peýda boldy. Toparyň derwezeçisi Tibo Kurtuanyň çep dyzyndan agyr şikes alandygy mälim edildi. 31 ýaşyndaky derwezeçiniň operasiýa boljakdygy habar berildi. Ol operasiýadan soň bolsa, azyndan 6 aýlap meýdança çykmaz. Toparyň öňümizdäki duşuşyklarynda derwezäni klubuň 2-nji derwezeçisi, ukrainaly Andriý Lunin gorar. Kurtuanyň ornuna wagtlaýynça derwezeçiniň alnyp-alynmajakdygyny (kärendesine ýa-da ymykly transfer) tälimçi hem-de klubuň degişli ýolbaşçylar öňümizdäki günlerde kesgitlär.

“Real Madridiň” çempionatdaky ilkinji duşuşygynda şenbe güni myhmançylykda “Atletik Bilbao” bilen duşuşar.