Şu ýylyň 21-nji ýanwarynda türkmen halkynyň döwlet gurluşy babatda köpasyrlyk taryhynda toplan tejribesi hemmetaraplaýyn nazara alnyp, iň wajyp syýasy, ykdysady, durmuş meseleleri çözmek baradaky asylly däplerden ugur alnyp, şeýle hem ilatyň giň gatlaklarynyň möhüm jemgyýetçilik-syýasy çözgütleriň kabul edilmegine gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz tarapyndan halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy – Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda Türkmenistanyň Konstitusion kanuny tassyklanylyp, bu kanun gol çekilen pursadyndan herekete girizildi. Bu Konstitusion kanunyň 1-nji maddasynyň
1-3-nji böleklerine we 6-njy maddasynyň 1-2-nji böleklerine laýyklykda, Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazananlaryny has berkitmek, ýurdumyzy ösüşiň has ýokary derejelerine çykarmak üçin ählihalk hereketini ýaýbaňlandyrmak, jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer we kanunçylyk-hukuk ulgamlarda täze sepgitlere ýetirmek, täze taryhymyzda gazanylan üstünlikleri wagyz etmek maksady bilen Türkmenistanyň Halk Maslahaty döredilýär.
Döwlet ähmiýetli meseleleri çözmäge, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň we durmuş-ykdysady maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine halk köpçüligini giňden çekmek, teklipleri işläp taýýarlamak, maslahatlary bermek, halkymyzyň agzybirligini, bitewüligini, jebisligini, asudalygyny, abadançylygyny berkitmäge hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň täze döwürde beýik özgerişler ýoly bilen depginli ösmegine, has-da kuwwatlanmagyna ýardam bermek, hyzmat etmek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady we esasy wezipeleri bolup durýar.
Türkmenistanyň Halk Maslahaty Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, şu Konstitusion kanuna laýyklykda hereket edýän we Türkmenistanyň halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaradyr. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işi mejlisler görnüşinde amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine onuň agzalarynyň umumy sanynyň azyndan üçden iki bölegi gatnaşýan bolsa, ol ygtyýarlydyr. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisleri zerurlygyna görä, ýöne ýylda azyndan bir gezek onuň Başlygy tarapyndan ýa-da Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzalarynyň umumy sanynyň üçden bir böleginiň teklibi boýunça çagyrylýar.
Şunuň bilen baglylykda, ata-babalarymyzyň döwleti dolandyrmakda toplan köpasyrlyk tejribesine daýanyp, olaryň parasatly wesýetlerine eýerip, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini çözmäge halkyň wekilleriniň giňden gatnaşmagyny üpjün etmek, jemgyýetiň agzybirligini, jebisligini berkitmek, milli demokratiýany ösdürmek boýunça gazanylan üstünlikleri döredijilikli kämilleşdirmek hem-de Türkmenistanyň halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaranyň – Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda» 2023-nji ýylyň 18-nji iýulynda çykaran kararynyň 1-5-nji bölümlerine laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini 2023-nji ýylyň 24-nji sentýabryna çagyryp, ony paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçirilmeli edildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparynyň düzümi hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlary tarapyndan teklip edilýän jemgyýetçilik wekillerini hödürlemegiň Tertibi hem tassyklanyldy.
Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlary şu Kararyň üçünji böleginde görkezilen Tertibe laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça jemgyýetçilik wekilleriniň sanawlaryny 2023-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanyna berilmegi hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwany Türkmenistanyň Mejlisi bilen bilelikde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek we ony geçirmek bilen bagly işlerde welaýatlaryň, etraplaryň hem-de şäherleriň halk maslahatlaryna guramaçylyk-usulyýet taýdan ýardam bermeli we bu işleri utgaşdyrmak barada tabşyryldy.
Ata-babalarymyzyň miras goýan pähim-parasatlaryny hemişe nusga edinmek türkmen halkynyň mukaddes ýörelgesidir. Ýaşululara hormat goýmak, olaryň mertebesini belende götermek pederlerimizden miras galan iň asylly däpleriň biri bolup durýar.
Ýaşulularyň jemgyýetdäki mynasyp orny, ösüp gelýän ýaş nesli halallyk, watançylyk, zähmetsöýerlik, edermenlik ruhunda terbiýelemekdäki hyzmaty şanly taryhymyzda, edebi mirasymyzda, şu günki gündelik durmuşymyzda hem aýdyň görünýär.
Ýaşululary döwletimiziň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň çekmek, halkymyzyň jebisligini pugtalandyrmakda we döwlet ähmiýetli meseleleri parasatlylyk bilen maslahatlaşyp çözmekde olaryň baý zähmet hem-de durmuş tejribesini peýdalanmak maksady bilen, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşi hakynda» 2023-nji ýylyň 18-nji iýulynda çykaran kararynyň 1-2-nji bölümlerine laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşi döredildi hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular Geňeşiniň Düzgünnamasy we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular Geňeşiniň düzümi hem tassyklanyldy.
Netijede, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky çagyrylan mejlisi 2023-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda ýokary derejede we guramaçylykly geçiriler. Demokratik, hukuk we dünýewi, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany beýik ösüşlere beslemek ugrunda alyp barýan döwletli işleri we edýän ýadawsyz aladalary hem-de taýsyz tagallalary üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza hoşallygymyzy bildirýäris. Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, başynyň dik, döwlet ähmiýetli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.
Baýram GURTMYRADOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Maglumat, seljeriş we halkara gatnaşyklary bölüminiň hukuk maslahatçysy.