Ýaşamaly, söýmeli, ynanmaly.
Lew Tolstoý.
Durmuşyňyzy doly üýtgetmäge jan etmeli däl-de, diňe oňa bolan ga­raý­şy­ňyzy üýtgetmeli.
Ralf Woldo Emerson.
Isleg bolsa müňlerçe ýol tapylar, is­leg bolmasa müňlerçe päsgelçilik.
Iogann Wolfgang fon Gýote.
Ujypsyz kemçiliklere üns bermäň; özüňizde has ulularynyň bardygyny unutmaň.
Gerek däl zadyňyzy satyn alsaňyz, ýakyn wagtda zerur zatlaryňyzy sa­tar­sy­ňyz.
Benjamin Franklin.
Uly çykdajylardan gorkmaň, az gir­de­jilerden gorkuň.
Jon Rokfeller.
Özüň bolup ýaşa. Beýleki keşpler eý­ýäm eýelendi.
Oskar Waýld.
Eger-de islegler mümkinçiliklere gabat gelmeýän bolsa, ýa islegleri çäk­len­dirmeli, ýa-da mümkinçilikleri art­dyr­maly.
Hindi pähimi.
Durmuşda başgalardan däl-de, özüň­den öňe geçmäge çalyşmaly.
Maltbi Dawenport Babkok.
Özüňizi söýmegi öwreniň, şonda beý­lekileriň ählisi öz ýerini tapar.
Lýusil Boll.
Durmuş öz ýüzüňizi tapmak üçin dür­li aýnalardan özüňe seretmekdir.
Woýseh Bartoşewskiý.
Pikirleriňizi üýtgediň, şonda siz öz dün­ýäňizi özgerdersiňiz.
Norman Winsent Pil.
Käwagt nädogry kararlar bizi dog­ry ýola atarýar.
Awtory näbelli.
Ýaşamak pikirlenmekdir.
Siseron.
Durmuşym – meniň habarym.
Mahatma Gandi.
Näçe wagt däl, näçeräk oňat ýa­şadyňyz – şol esasy zat.
Seneka.
Kynçylykda ýylgyryp bilýänleri go­­wy görýärin.
Leonardo da Winçi.