Italiýanyň meşhur sport awtoulaglaryny öndürýän “Lamborghini” kompaniýasy Kaliforniýada täze konseptual elektroulagyny hödürlemekçi. Bu barada “insideevs.com” web saýty mälim edýär. Täze ulagyň ady entek mälim edilmeýär. Maglumatlara görä, ol 16-njy awgustda dünýäniň iň täze awtoulag nusgalary tanyşdyrylýan “Monterey Car Week” sergisinde ilkinji gezek tanyşdyrylar. Häzirlikçe, bu konsept elektroulagyň daşky görnüşi we hereketlendirijisiniň aýratynlyklary mälim edilmeýär.
Kompaniýanyň baş direktory Stefan Winkelmannyň aýtmagyna görä, täze elektrikli “Lamborghini-niň” esasynda “Volkswagen Group” tarapyndan işlenilip düzülen platforma bar. Ol geljekde “Bentley” we “Porsche” ulaglarynda hem ulanylar.