Täze möwsümiň badalga berlen şu günlerinde Ýewropa futbolyndan ýyldyzlaryň şikes almagy bilen baglanyşykly habarlary yzygiderli gelip başlady. “Çelsiniň” täze transfer Nkunkunyň 4, “Real Madridiň” oýunçylary – derwezeçi Tibo Kurtuanyň 7-8, goragçysy Eder Militaonyň 9 aý töweregi meýdança çykyp bilmejekdigi baradaky habarlaryň üstüne ýene biri goşuldy. Çempionatyň ilkinji duşuşygynda şikes alyp, meýdançadan çykan “Mançester Sitiniň” belgiýaly ýyldyzy Kewin De Bruýne hem agyr şikeslileriň sanawyna adyny ýazdyrdy. “Mançester Sitiniň” tälimçisi Pep Guardiola: – Esasy ýyldyzlarymyzyň biri bolan De Bruýneniň şikesi sebäpli bize 3-4 aý kömegi degmez. Ol ýylyň galan günlerinde meýdança çykyp bilmezmikä diýýärin. Onuň öwezini dolup bolmaz, ýöne ökde alternatiwlerimiz bar – diýip, çykyş etdi.

Kewin De Bruýne 2015-nji ýyldan bäri “Sitiniň” düzüminde çykyş edip gelýär we ol 358 oýunda 96 gol geçirip, 153 goluň pasyny berdi.