Fransuz kluby üçin garaşylmadyk netije

144
Marseille's players react at the end of the UEFA Champions League second leg of the third qualifying round football match between Olympique Marseille (OM) and Panathinaikos at the Velodrome stadium in Marseille, on August 15, 2023. (Photo by CHRISTOPHE SIMON / AFP)

UEFA Çempionlar Ligasynda 3-nji saýlama tapgyryň jogap oýunlarynda çempion däl klublaryň arasynda Fransiýanyň “Marseli” grekleriň “Panatinaikos” toparyndan asgyn gelip, ýaryşyň daşynda galdy. Myhmançylykda 1-0 asgyn gelen “Marsel” öz meýdançasynda täze transfer Obameýangyň 2-nji we 45+1-nji minutlardaky gollary 2-0 öňe geçdi. Ýöne 90+9-njy minutda bellenen penaltini Ioannidisiň dürs urmagyndan soň goşmaça 30 minut oýnalmaly boldy. Netijede, penaltilerde 5-3 utulan “Marsel” ýoluny Ýewropa Ligasynda dowam etdirer. “Braga” bilen PSW toparlary 2-nji duşuşyklarynda hem uly hasaply ýeňişler gazandylar. Öz meýdançasynda 2-1 ýeňiş gazanan “Reýnjers” myhmançylykda “Serwette” bilen 1-1 deňme-deň oýnap, pleý-off tapgyryna çykdy.

TSS (Serbiýa) – “Braga” (Portugaliýa): 1-4 (0-3)

“Serwette” (Şweýsariýa) – “Reýnjers” (Şotlandiýa): 1-1 (1-2)

“Marsel” (Fransiýa) – “Panatinaikos” (Gresiýa): 2-1 g.w. 3-4 p (0-1)

“Şturm Gras” (Awstriýa) – PSW (Niderlandlar): 1-3 (1-4)

Pleý-off tapgyry

Pleý-off tapgyrynda “Makkabi Haýfa” bilen Şweýsariýanyň çempiony “Ýang Boýz”, “Rakuw” bilen “Kopengagen”, “Molde” bilenem “Galatasaraý” duşuşar. Belgiýanyň çempiony “Antwerpen” toparynyň garşydaşy-da AEK ýa-da “Dinamo Zagreb” bolar. “Reýnjers” bilen PSW, “Braga” bilenem “Panatinaikos” toparçalara çykmak üçin özara güýç synanyşar. Pleý-off tapgyrynyň oýunlary 22-23-nji hem-de 29-30-njy awgustda oýnalar.

Pleý-off tapgyryň duşuşyklary:

“Makkabi Haýfa” – “Ýang Boýz”,

“Rakuw Çenstohowy” – “Kopengagen”,

“Molde” – “Galatasaraý”,

“Antwerpen”– AEK/“Dinamo Zagreb”,

“Reýnjers” – PSW,

“Braga” – “Panatinaikos”.