“App­le” Hin­dis­tan­da­ky “Foxconn” za­wo­dyn­da “iP­ho­ne 15”-iň önüm­çi­li­gi­ni ýo­la goý­dy. Mu­nuň kom­pa­ni­ýa­nyň önüm­çi­li­gi­ni di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­mak stra­te­gi­ýa­sy­nyň bir bö­le­gi­di­gi mä­lim edil­ýär. Hin­di “iP­ho­ne 15”-le­ri­niň il­kin­ji tap­gy­ry Hy­taý­da­ky esa­sy önüm­çi­lik top­lu­my­na ibe­ri­len­den bir­nä­çe hep­de soň sa­tu­wa çy­ka­ry­lar. Mun­dan baş­ga-da, “App­le” Hin­dis­tan­da­ky za­wo­dyn­da tä­ze “Pho­ne”-la­ryň ön­dü­ril­ýän möç­be­ri­ni art­dyr­ma­gy mak­sat edin­ýär.
Hin­dis­tan­da bir­nä­çe wagt bä­ri kom­pa­ni­ýa­nyň yk­jam te­le­fon­la­ry­nyň uly bol­ma­dyk bö­le­gi ýyg­na­lyp ge­lin­ýär, ýö­ne şu wag­ta çen­li ýer­li önüm­çi­lik Hy­taý önüm­çi­li­gin­den yza gal­ýar. Önüm­çi­lik­dä­ki ara­ta­pa­wut bir­nä­çe aýa ýet­ýär.
Ap­rel aýyn­da “App­le”-iň 2022-nji ýyl­da 7 mil­liard dol­lar­lyk äh­li smart­fon­la­ry­nyň, tak­my­nan, 7 gö­te­ri­mi­ni Hin­dis­tan­da ýyg­nan­dy­gy we ýer­li kuw­wa­ty­ny gi­ňelt­mek is­le­ýän­di­gi mä­lim bol­dy. “Bloom­ber­giň” ha­bar ber­me­gi­ne gö­rä, Hin­dis­tan­da “iP­ho­ne 15”-iň önüm­çi­li­gi­niň muk­da­ry kom­po­nent­le­riň iç­ki gur­luş­la­ry­nyň üp­jün­çi­li­gi­ne we “Foxconn” za­wo­dyn­da önüm­çi­lik ugur­la­ry­nyň gi­ňel­me­gi­ne bag­ly bo­lar.
Şeý­le-de 2023-nji ýy­lyň 13-nji sent­ýab­ryn­da “iP­ho­ne 15” smart­fo­nu­nyň, tä­ze “App­le Watch Se­ri­es 9” we ikin­ji ne­sil “Ult­ra” sa­gat­la­ry­nyň ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­sy bol­jak­dy­gy ha­bar be­ril­ýär.