“Ak gap” hojalyk jemgyýeti ýurdumyzda ilkinji bolup, arassa we gazly suw görnüşlerini, miwe şirelerini guýmaga niýetlenilen dürli ululykdaky gaplaryň çişirilmedik görnüşleriniň (petriformalaryň) hem-de olaryň gapaklarynyň önümçiligini ýola goýdy. Dünýäniň öndebaryjy kompaniýalarynyň döwrebap tehnikadyr tehnologiýalary bilen üpjün edilen kärhananyň ýyllyk kuwwatlylygy 400 million petriforma, 350-400 million polietilen gapak öndürmäge barabardyr.
2007-nji ýyldan bäri işläp gelýän bu hojalyk jemgyýetiniň önümçilik we edara ediş binalary “Täze zaman” ýaşaýyş toplumynda ýerleşýär. Kärhanada çig mal ammary, önümçilik bölümi, taýýar önümleriň ammary ýaly desgalar bolup, bu ýerde 80 töweregi işgär zähmet çekýär. Bu ýerde suwuk görnüşli himiýa önümleriniň gaplarynyň petriformalarynyň önümçiligi hem alnyp barylýar. Önümler “Ak gap” haryt nyşany bilen müşderilere ýetirilýär. Hojalyk jemgyýetiniň önümlerine daşary ýurtly işewürler hem uly gyzyklanma bildirýärler. Hojalyk jemgyýetiniň agzybir işçi-hünärmenleri geljekde öz önümlerini daşary ýurtlara eksport etmegi, önümçilik kuwwatyny has-da artdyrmagy göz öňünde tutýarlar.