Türkmen halkynyň köpöwüşginli mirasyny, dutarda ýerine ýetirijilik we bagşyçylyk sungatyny geljekki nesillere ýetirmek, dünýä ýaýmak, şeýle hem zehinli bagşy-sazandalary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň Mary welaýaty boýunça jemleýji tapgyry Mary welaýatynyň Mary şäherindäki «Türkmeniň Ak öýi» binasynda geçirildi.
Bu dabara tanymal bagşy-sazandalar, aýdymçylar, «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň geçen ýylky ýeňijileri, aýdym-saz söýüjiler, çykyş eden bagşy-sazandalaryň hossarlary we muşdaklary, şeýle-de medeniýet, sungat we döredijilik işgärleri gatnaşdylar.
Bäsleşige Mary welaýatyndan deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan bagşy-sazandalar gatnaşyp, öz başarnyklaryny görkezdiler. Bäsleşige gatnaşyjylaryň ýerine ýetirmeklerinde halypalarymyzdan galan çuň mazmunly aýdymdyr sazlar belentden ýaňlandy.
Ýaş bagşy-sazandalaryň içinden emin agzalarynyň gelen netijeleriniň esasynda aýratyn ýerine ýetirijiligi, ýokary ussatlyk bilen tapawutlanan sazandalaryň 2-si, ýagny Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby Toýly Çaryýew we Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň 19-njy orta mekdebiniň aýdym-saz mugallymy Şükürberdi Hudaýberenow, şeýle-de bagşylaryň 2-si, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary Kerim Pirnepesow we Göwher Tuhyýewa «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.