Or­ta­ýer deň­zi­niň ke­na­ryn­da­ky Mü­sür Ýer ýü­zü­niň iň ir­ki gök­di­rän­le­ri ha­sap­lan­ýan pi­ra­mi­da­la­ry bi­len meş­hur­dyr. Dün­ýä­niň iň uzyn der­ýa­sy bo­lan Ni­liň hem uly bö­le­gi bu ýurt­dan ge­çip, deň­ze guý­ýar. Ýur­duň köp ýerini çöl eme­le ge­tir­ýär. Şeý­le te­bi­gy we ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­le­re baý bo­lan Mü­sür sy­ýa­hat­çy­la­ryň hem iň köp gör­mek is­le­ýän ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da he­mi­şe öň­dä­ki orun­la­ry eýe­le­ýär. Pan­de­mi­ýa­nyň yz­da gal­ma­gy bi­len bu ýur­da bar­ýan sy­ýa­hat­çy­la­ryň sa­ny­nyň hem ar­tan­dy­gy mä­lim edil­di. Ber­len mag­lu­mat­la­ra gö­rä, şu ýy­lyň bi­rin­ji ýa­ry­myn­da ýur­da 7 mil­li­on da­şa­ry ýurt­ly sy­ýa­hat­çy ba­ryp­dyr. Ýy­lyň ahy­ry­na çen­li 15 mil­li­on sy­ýa­hat­çynyň gelmegine ga­raş­ylýar.
Ýurt pan­de­mi­ýa­dan ozal – 2019-njy ýyl­da 13 mil­li­on sy­ýa­hat­çy­ny ka­bul edip­di. Şol ýyl bu pu­dak­dan al­nan gir­de­ji 13 mil­liard dol­la­ra ýe­tip­di. Mü­sü­riň Sta­tis­ti­ka mer­ke­zi agent­li­gi­niň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, bu ýur­da 2020-2021-nji ma­li­ýe ýy­lyn­da 8 mil­li­on, 2021-2022-nji ma­li­ýe ýy­lyn­da 11,7 mil­li­on sy­ýa­hat­çy ba­ryp­dyr. Şeý­le­lik­de, soň­ky iki ýyl­da sy­ýa­hat­çy­la­ryň sa­ny 46 gö­te­rim, bu ugur­dan alyn­ýan gir­de­ji 121 gö­te­rim ar­typ, 10,7 mil­liard dol­la­ra ýe­tip­dir. Mü­sü­re bar­ýan sy­ýa­hat­çy­la­ryň 62 gö­te­ri­mi­ni ýew­ro­pa­ly­lar, 26 gö­te­ri­mi­ni bol­sa arap ýurt­la­ry­nyň sy­ýa­hat­çy­la­ry eme­le ge­tir­ýär.
Mü­sü­riň Sy­ýa­hat­çy­lyk we ga­dy­my eser­ler mi­nist­ri Ah­med Eýs­sa şu ýyl 15 mil­li­on sy­ýa­hat­çy­nyň gel­me­gi­ne ga­raş­ýan­dyk­la­ry­ny, gel­jek ýyl bu gör­ke­zi­ji­niň 18 mil­lio­na ýe­ti­ril­me­gi­ni mak­sat edin­ýän­dik­le­ri­ni aýt­dy. Mi­nistr Mü­sü­re ama­la aşy­ryl­ýan uçar gat­naw­la­ry­nyň sa­ny­nyň art­dy­ryl­ma­gy­na hem üns be­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Ýurt 2028-nji ýy­la çen­li da­şa­ry ýurt­ly sy­ýa­hat­çy­la­ryň sa­ny­ny 30 mil­lio­na ýe­tir­me­gi mak­sat edin­ýär. Şol wag­ta çen­li bu pu­da­ga 20 mil­liard dol­lar­lyk ma­ýa go­ýum gö­nük­di­ri­ler. Hä­zir­ki wagt­da ýurt­da myh­man­ha­na­lar­da 215 müň otag bar. Bu gör­ke­zi­ji­niň 500 mü­ňe ýe­ti­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýär.

Mer­dan SA­PA­ROW,
Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let mig­ra­si­ýa gul­lu­gy­nyň Aş­ga­bat şä­he­ri bo­ýun­ça mü­dir­li­gi­niň har­by gul­luk­çy­sy, leý­te­nant.