Alýaskadaky Denali milli seýilgähinde köp sanly dinozawryň aýak yzlary tapyldy. Paleontologlar bu ýere «Kolizeý» adyny berdiler. Paleontologlaryň 7 müň 500 inedördül metrlik meýdana ýaýran aýak yzlary 69,3 million ýyl bilen senelenýär. Bu bolsa dinozawrlaryň nesliniň ýok bolmagynyň öňündäki Kretase döwrüne gabat gelýär. Şol döwürde sebitiň howasy yssy, topragy ýumşak eken. Ol ýerlerde kölleriň hem-de suw howdanlarynyň bolandygy çaklanylýar.
Alymlar tapylan yzlaryň ornitopodlar, keratopsidler we termopodlar ýaly dinozawrlaryň dürli görnüşlerine degişlidigini bellediler. Aýak yzlary wagtyň geçmegi bilen gatapdyr. Bu ýagdaý müňlerçe ýyl bäri sebitdäki geologik üýtgeşmeleriň täsiri astynda bolup geçipdir.
Bu ýerde dinozawr aýak yzlaryndan başga-da, ösümlikleriň, süýji suw molýuskalarynyň we oňurgasyz jandarlaryň daşa öwrülen galyndylary hem tapyldy.
Bu barada «Historical Biology» žurnalynda habar berilýär.