Kam­bo­ja­nyň Mil­li as­samb­le­ýa­sy (par­la­men­tiň aşa­ky pa­la­ta­sy) iýul aýy­nyň ahyrn­da ge­çi­ri­len äh­lu­mu­my saý­law­lar­da do­lan­dy­ry­jy Kam­bo­ja Halk par­ti­ýa­sy­nyň ga­za­nan ynam­ly ýeň­şin­den soň, Hun Ma­ne­ti bäş ýyl­lyk möh­let bi­len tä­ze Prem­ýer-mi­nistr we­zi­pe­si­ne bel­le­di. Bu ba­ra­da Kam­bo­ja­nyň Mil­li te­le­wi­de­ni­ýe­si (TVK) ha­bar ber­di.
Mil­li as­samb­le­ýa­nyň 123 tö­we­re­gi ag­za­sy tä­ze prem­ýer-mi­nistr Hun Ma­ne­ta bi­ra­gyz­dan ses ber­di­ler.
Ýur­duň Mil­li as­samb­le­ýa­sy­nyň dü­zü­mi­ne 125 de­pu­tat gir­ýär, ola­ryň 120-si Kam­bo­ja Halk Par­ti­ýa­sy­na we­kil­çi­lik ed­ýär, bä­şi­si Ga­raş­syz, bi­ta­rap, pa­ra­hat­çy­lyk­ly we hyz­mat­daş­lyk ed­ýän Kam­bo­ja (FUNCIN­PEC) Mil­li bi­le­le­şi­gi­ne gir­ýär.
Mun­dan öň, 38 ýyl­dan gow­rak wagt bä­ri Prem­ýer-mi­nistr we­zi­pe­sin­de iş­län Hun Sen we­zi­pe­sin­den çe­kil­jek­di­gi­ni we bu we­zi­pä­ni uly og­ly Hun Ma­ne­te tab­şyr­jak­dy­gy­ny mä­lim edip­di. Şeý­le-de bol­sa, 70 ýaş­ly li­der in­di­ki ýyl 25-nji few­ral­da ge­çi­ril­jek saý­law­lar­dan soň KHP-niň baş­ly­gy we­zi­pe­sin­de gal­jak­dy­gy­ny, şeý­le-de Se­na­ta (par­la­men­tiň ýo­kar­ky pa­la­ta­sy) ýol­baş­çy­lyk et­jek­di­gi­ni aýt­dy.
Kam­bo­ja Pa­ty­şa­ly­gy hin­di­hy­taý ýa­rym ada­sy­nyň gü­nor­ta­syn­da ýer­leş­ýän Gü­nor­ta-Gün­do­gar Azi­ýa­da bir döw­let. Paý­tag­ty Pnom­pen. Ila­ty 16 mil­li­on­dan gow­rak adam. 1993-nji ýyl­dan bä­ri – kons­ti­tu­si­on mo­nar­hi­ýa, döw­let baş­tu­ta­ny Pa­ty­şa. Ka­nun çy­ka­ry­jy or­gan, iki pa­la­ta­ly par­la­ment­dir (Mil­li As­samb­le­ýa we se­nat). Gün­do­gar­da Wýet­nam, de­mir­ga­zyk­da La­os we de­mir­ga­zyk-gün­ba­tar­da Tai­land bi­len ser­het­leş­ýär.