Tomusky dynç alyş möwsümi tamamlanyp barýar. Dynç alyş möwsümi gyzykly geçen bolsa gerek. Täze dostlar tutunansyňyz, okuw merkezlerine gatnap dil öwrenensiňiz, oba gezelenje gidensiňiz, öý işlerine kömekleşensiňiz, sport bilen meşgullanansyňyz, gyzykly kitaplary okansyňyz, goşgulary ýat tutansyňyz. Öz başarnyklaryny kämilleşdirenler, döredijilik bilen meşgullananlar, küştdür şaşka oýnanlar, muzeýlere gidenler, şäheriň owadan künjeklerine syýahat edenler hem bardyr. Indi bolsa mekdebe taýýarlyk görmegiň wagty gelip ýetdi. Eýsem, täze okuw ýylyna girişmek, sapaklary gowy özleşdirmek üçin nähili taýýarlyk görmeli?!
Ilki bilen gün tertibiniň sanawyny düzmeli. Ir bilen turmagy endik edinmeli. Arassaçylyk işleri bilen meşgullanmaly, maşk etmeli. Ertirlik edinmegi ýatdan çykarmaly däl. Wagtly-wagtynda iýip-içmeli hem-de rahat dynç almaly. Bu siziň sapaklary çalt we höwesli özleşdirmegiňize ýardam eder.
Täze okuw ýylyna «Men sapaklary hökman özleşdirerin», «Men hökman göreldeli okuwçylaryň biri bolaryn» diýip, öz öňüňizde maksat goýup, uly ruhubelentlik bilen girişiň! Ýaltanman okuw derslerine gündelik taýýarlyk görüň! Oýna güýmenip mekdepde berilýän ýumuşlary ýerine ýetirmegi ýatdan çykarmaly däl. Öýe berlen ýumuşlardan ilki ýazmaly gönükmeleri işläp, soňra okamaly ýa-da ýat tutmaly ýumuşlary ýerine ýetirseňiz ýadamarsyňyz.
Mekdebe gitmezden öň okuw esbaplaryňyzyň ýerbe-ýerdigine göz gezdiriň! Iş depderlerini okuw kitaplary bilen ugurdaş ýerleşdiriň! Ruçka, galam ýaly ýazuw esbaplaryny ýörite gaba salyp, aýratynlykda goýuň!
Mekdebe baranyňyzda oturýan ýeriňizi her gün arassalamagy endik ediniň! Bu şahsy we köpçülikleýin arassaçylyk üçin ähmiýetlidir. Mekdep partasynda düzgüne görä oturyň! Aýagyňyzy we eliňizi talabalaýyk goýup, dik oturmaga üns beriň! Bu siziň sagdyn ösmegiňiz üçin esasy şertleriň biridir. Şeýle hem arakesmelerde arassa howa çykyp, dynç almagy, maşk etmegi ýatdan çykarmaň!