ABŞ-nyň öň­ki pre­zi­den­ti Do­nald Tramp 2024-nji ýyl­da­ky saý­law­la­ra gat­naş­mak is­le­ýän­dik­le­ri­ni mä­lim eden res­pub­li­kan da­laş­gär­ler­den has öň­de bar­ýar. Mu­ny “FiveT­hir­tyEight” web saý­ty ta­ra­pyn­dan ge­çi­ri­len pi­kir so­ra­ly­şyk­lar su­but ed­ýär.
Bar­lag­la­ryň ne­ti­je­si­ne gö­rä, öň­de bol­jak pre­zi­dent saý­law­la­ry­na da­laş­gär hök­mün­de Tram­pyň da­laş­gär­li­gi par­ti­ýa ag­za­la­ry­nyň 53,8%-i ta­ra­pyn­dan ma­kul­lan­ýar. Ikin­ji orun­da Flo­ri­da şta­ty­nyň gu­ber­na­to­ry Ron De­san­tis 15%, üçün­ji orun­da te­le­ke­çi Wi­wek Ra­mas­wa­my 7,4% bi­len üçün­ji ýe­ri eýe­le­ýär. On­dan soň ABŞ-nyň öň­ki wi­se-pre­zi­den­ti Maýk Pens 5,5%, Gü­nor­ta Ka­ro­li­na­nyň öň­ki gu­ber­na­to­ry Nik­ki Heý­li 3,7% gel­ýär.
De­mok­rat­la­ryň ara­syn­da hem şu­ňa meň­zeş ýag­da­ýyň bar­dy­gy bel­lär­lik­li­dir. Ak ta­myň hä­zir­ki Baş­tu­ta­ny Jo­zef Baý­den hem de­mok­rat­la­ryň ara­syn­da öň­de bar­ýar. Par­ti­ýa ag­za­la­ry­nyň 64,9%-i ony gol­da­ýar. Ikin­ji orun­da uly ara­lyk bi­len Ro­bert Ken­ne­di ki­çi ge­lip, onuň reý­tin­gi ba­ry-ýo­gy 14,3%.