Ispaniýanyň Koroly Filip VI öňdebaryjy syýasy güýçleriň ýolbaşçylary bilen maslahatlaşandan soň Halk partiýasynyň (PP) lideri Alberto Nunesu Feýho hökümet gurmagy tabşyrdy.
Ýurduň Koroly golaýda A. N. Feýho hem-de Premýer-ministriň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji, Ispaniýanyň sosialistik işçiler partiýasynyň başlygy Pedro sançes bilen duşuşdy. Duşuşykda syýasatçylaryň ikisi-de hökümet gurmaga synanyşmaga taýýardyklaryny aýtdylar.
Halk partiýasy 23-nji iýulda geçirilen umumy saýlawlarda Ispaniýanyň sosialistik işçiler partiýasyna garanyňda, 121 ornundan 137 orna eýe boldy. Şeýle-de bolsa, Halk partiýasynyň Ministrler Kabinetini döretmek üçin zerur bolan 176 orny almak üçin entek ýeterlik ýaranlary ýok. Santýago Abaskalyň ultra sagçy “Vox” partiýasy, şeýle hem “Navarre” halk sebit birleşigi we Kanar bileleşigi bilen birlikde diňe 172 orun eýelýär.
Ispaniýanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, Korolyň Premýer-ministrlige dalaşgär hödürlemäge hukugy bar. Esasy Kanunda dalaşgäriň iň köp ses alan partiýanyň lideri ýa-da iň köp parlament goldawyny alyp biljek syýasatçy bolmalydygy kesgitlenilmeýär.