Portugaliýaly meşhur futbolçy Žoao Moutinio 10 ýyldan soň ýurduna dolandy. Soňky 5 möwsümi “Wulwerhempton” klubunda oýnan 36 ýaşyndaky ýarymgoragçy ýurdunyň “Braga” kluby bilen geljek ýylyň tomsuna çenli şertnama baglaşdy. 2004-nji ýylda “Sportingde” futbola başlan “Moutinio” 2010-njy ýylda “Porto” toparyna transfer bolupdy. 3 möwsümden soňam “Monako” bilen şertnama baglaşan Moutinio fransuz klubunda 5 möwsüm çykyş etdi. Ol umumylykda klublarda 860 oýunda 59 gol geçirdi. Portugaliýanyň ýygyndysynda-da 146 gezek meýdança çykan Moutinio 7 goly öz adyna ýazdyrdy.