Formula 1 Dünýä çempionatynda 1 aýa golaý arakesme tamamlanyp, möwsümiň 14-nji “Gran Prisi” Niderlandlarda geçirildi. Zandwoort şäherinde geçirilen ýaryşda “Red Bull” toparynyň niderland sürüjisi Maks Werstappen ýeňiş gazandy. Ol ilkinji hatardan başlan ýaryşynda 72 aýlawy 2 sagat 24 minut 04,411 sekuntda tamamlap, bassyr 9-njy ýeňşini baýram etdi. Bu onuň şu möwsümdäki 11-nji, karýerasy boýunça-da 46-njy ýeňşini gazandy.

Şeýlelikde, Maks Werstappen yzly-yzyna 9-njy ýeňşini gazanmak bilen germaniýaly Sebastian Wetteliň rekordyna şärik boldy. Wettel 2013-nji ýylda soňky 9 ýaryşy ýeňiş bilen tamamlapdy.

Ýaryşda 2-nji ýeri “Aston Martin” toparynyň ispan sürüjisi Fernando Alonso eýeledi. Ol ýeňijiden 3,744 sekunt yza galyp, şu möwsümde 4 ýaryşdan soň ýeňiş münberine çykdy. Ol 3-nji gezek 2-nji orna mynasyp boldy. “Alpine” toparynyň fransiýaly piloty Pierr Gasli bolsa ýaryşy 3-nji orunda tamamlady. 5 sekuntlyk jerime alan meksikaly Serhio Peres (“Red Bull”) 4-nji ýeri bilen kanagatlanmaly boldy.

Kem-kemden çempionlyga golaýlaýan Werstappeniň 339 utugy bar. Topardaşy Serhio Peres 201 utuk bilen 2-nji ýeri eýeleýär. 3-nji basgançakdaky Fernando Alonso 168 utuk toplady.

Möwsümiň indiki bäsleşigi 3-nji sentýabrda Italiýanyň Monza şäherinde geçiriler.