Ýaponiýanyň Awiasiýa we kosmos agentliginiň (JAXA) howpsuzlyk boýunça müdiri Miçio Kawakami Ýerden 5000-15000 metr ýokarda 108 km/sagat tizlik bilen öwüsýän ýel sebäpli Aýa amala aşyryljak uçuşyň yza süýşürilendigini mälim etdi. H-IIA atly raketanyň uçuşynyň 98 göterim şowly boljakdygyna garamazdan, uçuşa 27 minut galanda ýatyryldy.
Ýurduň günortasyndaky Tanegasima kosmodromyndan amala aşyryljak uçuş geçen hepde hem howa şertleri sebäpli yza süýşürilipdi. Taslamanyň çäklerinde Aýyň ýakyn tarapyna “Smart Lander for Investigating Moon” (SLIM) atly gonuş platformasy we hereket edýän robot iberiler. Mundan ozal Ýaponiýa (1993ý.) Ýeriň hemrasynyň orbitasyna emeli hemra iberen hem bolsa, Aýyň ýüzüne kosmos enjamyny gondurmandy.
Golaýda Hindistan “Chandrayaan-3” atly adamsyz kosmos gämisini uçuryp, degişli enjamy Aýyň ýüzüne gondurmagy başarypdy. Şeýlelikde, Hindistan Aýyň günorta polýusynyň golaýyna kosmos enjamyny gonduran ilkinji ýurt bolupdy.
Russiýanyň 47 ýyldan soňra Aýa amala aşyran uçuşy bolsa şowsuz tamamlanypdy.