Türk­me­nis­tan tä­sin te­bi­gy se­riş­de­le­re we öz­bo­luş­ly me­de­ni­ýe­te eýe bo­lup, sy­ýa­hat­çy­ly­gy ös­dür­mek üçin ägirt uly kuw­wa­ty özün­de jem­le­ýär. 2017-nji ýy­lyň 17-nji few­ra­lyn­da Ru­hy­ýet köş­gün­de ýo­ka­ry döw­let we­zi­pe­si­ne res­mi taý­dan gi­riş­mek da­ba­ra­syn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow çy­kyş edip, ýur­du­my­zy ös­dür­me­giň stra­te­gi­ýa­sy­ny kes­git­le­di, dur­muş sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­ny gör­kez­di. Mil­li Li­de­ri­miz şol çy­ky­şyn­da: “Bi­ziň owa­dan dag­la­ry­myz, üm­mül­mez säh­ra­la­ry­myz, aja­ýyp der­ýa­la­ry­myz­dyr köl­le­ri­miz bar. Bu baý­lyk­la­ry­my­zy biz aýaw­ly we ne­ti­je­li ulan­ma­ly­dy­rys. Şu mak­sat­dan ugur alyp, Kö­pet­da­gyň we Köý­ten­da­gyň, Sum­ba­ryň gö­zel jül­ge­le­rin­de, Bat­hy­zyň go­rag­ha­na­ly ýaý­la­la­ryn­da, Amy­der­ýa­nyň, Mur­gap hem-de Ga­ra­gum der­ýa­la­ry­nyň boý­la­ryn­da köp san­ly dynç alyş mer­kez­le­ri­ni gu­rup, adam­la­ryň sy­ýa­hat edip, oňat dynç al­mak­la­ry üçin äh­li şert­le­ri dö­re­de­ris. We­la­ýat mer­kez­le­ri­ne bar­ýan ýol­la­ryň ug­run­da her 40-50 ki­lo­metr­den, äh­li şert­le­ri bo­lan dynç alyş mer­kez­le­ri­ni – gür bag­ly­ga bü­re­nen çaý­ha­na­la­ry, öz­bo­luş­ly kem­ping­le­ri – çak­laň myh­man­ha­na­la­ry, aw­tou­lag­la­ra hyz­mat ed­ýän döw­re­bap mer­kez­le­ri gu­ra­rys“ di­ýip bel­le­di.
Hä­zir­ki dö­wür­de dün­ýä­de sport, sa­gal­dyş, eko­lo­gi­ýa, me­de­ni-öw­re­niş sy­ýa­hat­çy­ly­gy uly gy­zyk­lan­ma eýe bol­ýar. Tom­suň şu gün­le­rin­de köp il­deş­le­ri­miz soň­ky ýyl­lar­da dö­re­di­len we dur­ky tä­ze­le­nen şy­pa­ha­na­lar­da hem-de dynç alyş mer­kez­le­rin­de dynç al­ýar­lar, sag­lyk­la­ry­ny ber­kid­ýär­ler. Türk­me­nis­tan­da ýy­lyň do­wa­myn­da 320 gün­de açyk we gü­neş­li ho­wa bol­ýar. Köp ke­sel­le­ri be­jer­mek­de Gü­nüň ýy­ly şöh­le­si­niň mö­hüm äh­mi­ýe­ti bar. Türk­me­nis­ta­nyň gu­rak ho­wa­sy şy­pa­ha­na-ku­rort ul­ga­my­ny ös­dür­mek üçin esa­sy we ze­rur şert­le­riň bi­ri­dir. Oňaý­ly ho­wa şert­le­ri, köp san­ly te­bi­gy aja­ýyp­lyk­la­ryň we go­rag­ha­na kün­jek­le­ri­niň, dür­li ter­mal we mi­ne­ral çeş­me­le­riň bol­ma­gy Türk­me­nis­ta­ny hal­ka­ra şy­pa­ha­na mer­ke­zi­ne öwür­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Sa­na­to­ri­ýa-şy­pa­ha­na ul­ga­my sag­ly­gy go­raý­şyň dü­züm­le­ri­ni ös­dür­me­giň mö­hüm ug­ru­dyr. Dün­ýä­niň sa­gal­dyş sy­ýa­hat­çy­ly­gyn­da öň­dä­ki orun­la­ra çy­kma­ga ýar­dam et­mek üçin türk­men şy­pa­ha­na­çy­ly­gyn­da in­no­wa­si­on ýag­daý­lar iş­jeň­leş­di­ril­ýär.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ho­wan­dar­lyk et­me­gi bi­len, düýp­li döw­re­bap­laş­dyr­ma­gyň ne­ti­je­sin­de, bu ul­gam müm­kin­çi­lik­le­ri­ni we se­riş­de­le­ri­ni ep-es­li art­dyr­dy. Soň­ky ýyl­lar­da “Baý­ra­ma­ly”, “Arç­man”, “Ýy­ly suw”, “Fa­rap” şy­pa­ha­na­la­ry­nyň dur­ky tä­ze­le­n­di we tä­ze bi­na­lar ulan­ma­ga be­ril­di. Tä­sin be­je­ri­ji­lik aý­ra­tyn­ly­gy bo­lan “Mol­la­ga­ra” şy­pa­ha­na­sy­nyň dur­ky tä­ze­le­n­di, Aş­ga­bat şä­he­rin­de bol­sa, “Ber­zeň­ňi” şy­pa­ha­na­sy­nyň tä­ze bi­na­sy gu­rul­dy we ozal bar bo­lan bi­na­la­ryň dur­ky tä­ze­le­nil­di. “Da­şo­guz” şy­pa­ha­na­nyň tä­ze we döw­re­bap bi­na­la­ry ulan­ma­ga be­ril­di. Şy­pa­ha­na­lar­dyr dynç alyş öý­le­rin­de hö­dür­le­nil­ýän hyz­mat­lar dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk gel­ýär. Bu şy­pa­ha­na­lar hal­ky­my­zyň köp bar­ýan, sag­ly­gy­ny ber­kid­ýän we dynç al­ýan ýer­le­ri­ne öw­rül­di. Ýur­du­my­zyň şy­pa­ha­na­la­ry­nyň äh­li­sin­de döw­re­bap be­je­riş, ke­sel­le­riň öňü­ni alyş top­lum­la­ry gu­rul­dy. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň “Türk­me­nis­tan – mel­hem­ler me­ka­ny” at­ly ki­ta­by ýer­li te­bi­gy çeş­me­le­riň baý be­je­riş kuw­wa­ty­nyň bin­ýa­dyn­da şy­pa­ha­na ul­ga­my­ny ös­dür­mek me­se­le­le­ri­ne ba­gyş­lan­ýar. On­da hal­ka­ra möç­ber­li şy­pa­ha­na mer­ke­zi hök­mün­de ýur­du­my­zyň äh­li uly kuw­wa­ty we müm­kin­çi­lik­le­ri açy­lyp gör­ke­zil­ýär. Türk­me­nis­tan şy­pa­ha­na baý­lyk­la­ry­nyň äh­li gör­nüş­le­ri­ni özün­de jem­le­ýän döw­let­le­riň bi­ri bol­mak bi­len, pat­la­wuk pal­çyk­la­ry­nyň ägirt köp go­ru­ny sak­la­ýar.
“Awa­za” mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy eko­lo­gi­ýa sy­ýa­hat­çy­ly­gy­ny, iş­jeň dynç al­şy, sag­ly­gy ber­kit­me­gi öz içi­ne al­ýar. Bu zo­lak Or­ta Azi­ýa se­bi­tin­de ke­sel­le­riň önü­ni al­ma­ga we sag­ly­gy di­kelt­mä­ge amat­ly şert­ler dö­re­di­len ýe­ke-täk ta­las­so­te­ra­pi­ýa mer­ke­zi­dir. Ha­zar deň­zi­niň çä­ge­li plýaž­ly, mi­ne­ral suw­ly we be­je­riş pal­çyk­ly ke­nar ýa­ka­sy­nyň te­bi­gy gur­şa­wy dynç alyş we be­jer­gi üçin amat­ly­dyr. Çä­ge­li plýaž­lar­da ge­ze­lenç et­mek, tür­gen­le­şik geç­mek, yl­ga­mak, sport oýun­la­ry­ny oý­na­mak, be­je­riş maşk­la­ry­ny et­mek sag­lyk üçin örän peý­da­ly­dyr.
Sport ug­ry Türk­me­nis­tan­da hal­ka­ra sy­ýa­hat­çy­ly­gy­nyň tä­ze ug­ru­na öw­rül­ýär. Se­bä­bi hä­zir­ki za­man­da sy­ýa­hat­çy­lyk sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni alyp bar­mak, adam­la­ryň iş­jeň dynç al­şa bo­lan is­leg­le­ri­niň ös­me­gi bi­len berk bag­ly­dyr. Mu­ňa my­sal hök­mün­de dag sy­ýa­hat­çy­ly­gy­ny, at­ly sy­ýa­hat­çy­ly­gy, gä­mi­li ge­ze­len­ji we beý­le­ki­le­ri gör­kez­mek bo­lar.
Azia­da–2017-niň me­de­ni mak­sat­na­ma­syn­da ýur­du­my­zyň sy­ýa­hat­çy­lyk kuw­wa­ty­nyň do­ly açy­lyp gör­ke­zil­me­gi­ne, ar­heo­lo­gi­ýa we bi­na­gär­lik ýa­dy­gär­lik­le­ri­mi­ze, gaý­ta­lan­ma­jak te­bi­gy, ta­ry­hy hem-de ro­wa­ýa­ty kün­jek­le­ri­mi­ze, şeý­le hem ýur­du­my­zyň mu­zeý­le­ri­ne, teatr­la­ry­na, ser­gi zal­la­ry­na üns çe­kil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len we­zi­pe­ler göz öňün­de tu­tul­ýar.
Hä­zir­ki wagt­da gö­zel me­ka­ny­my­za gel­ýän ja­han­keş­de­le­riň has art­ma­gy ýur­du­myz­da al­nyp ba­ryl­ýan hoş­ni­ýet­li sy­ýa­sa­tyň aý­dyň ne­ti­je­si­dir. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ho­wan­dar­ly­gyn­da ýur­du­myz­da sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy gel­je­gi uly, mö­hüm ugur­la­ryň bi­ri­ne öw­rü­lip, onuň iş­jeň dynç alyş we şy­pa­ha­na hyz­mat­la­ry bi­len saz­la­şyk­ly ut­gaş­ma­gy baş şert­le­riň bi­ri bo­lup dur­ýar.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ýa­kyn­dan gol­daw ber­me­gi ne­ti­je­sin­de, sy­ýa­hat­çy­lyk ul­ga­my­nyň mil­li yk­dy­sa­dy­ýet­de esa­sy pu­dak­la­ryň bi­ri­ne öw­rül­me­gi üçin uly müm­kin­çi­lik­ler açyl­ýar. Ne­sip bol­sa, ýur­du­myz­da sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my bi­len ut­ga­şyk­ly ös­dü­ril­ýän eko­lo­gi­ýa sy­ýa­hat­çy­ly­gy ýa­kyn dö­wür­de tä­ze ösüş­le­re eýe bo­lar.

Aý­gö­zel Ar­la­no­wa,
Türk­men döw­let yk­dy­sa­dy­ýet we
do­lan­dy­ryş ins­ti­tu­ty­nyň uly mu­gal­ly­my.