Ösüşleriň täze belentliklerini nazarlaýan bagtyýarlyk döwrümizde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde, ýurdumyzyň halkara abraýynyň gün-günden ýokarlanýandygy halkymyzda çuňňur buýsanç duýgularyny oýarýar. Berkarar ýurdumyzyň bu at-abraýy şu ýylyň sentýabr aýynyň 17-27-si aralygynda paýtagtymyzda “Sagdynlyk, Ruhubelentlik, Dostluk” şygary astynda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary bilen-de gönüden-göni baglanyşyklydyr.
Barha ýakynlap gelýän Aziada–2017-niň raýatlarymyzda, şol sanda dünýä sport söýüjilerinde çuňňur gyzyklanmalary artdyrýandygy kanunalaýyk ýagdaýdyr. Sebäbi onuň düzüminde tassyklanan oýunlaryň görnüşleri häzirki zaman dünýäsinde iň bir meşhurlyga eýe bolan sport görnüşleridir. Şol oýunlaryň biri hem milli Liderimiziň teklibi esasynda oýun görnüşleriniň sanawyna girizilen türkmen milli göreşidir.
Mälim bolşy ýaly, türkmen milli göreşi medeniýetimiziň aýrylmaz bölegi bolup, öz gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Sportuň bu görnüşi örän gadymylygyna garamazdan, özüniň jemgyýetdäki ähmiýetini häli-häzire çenli birjik-de ýitirmeýär. Gaýtam, asyrlaryň dowamynda kämilleşen sportuň bu gadymy görnüşi biziň günlerimizde has uly meşhurlyga eýe bolýar. Gadymy taryhy çeşmelerde türkmenleriň ata-babalarynyň göreş tälimleri bilen diňe bir erkekleriň däl, eýsem, zenanlaryň-da meşgullanandygy habar berilýär. Gadymy grek we rim taryhçylary Turanyň zenanlarynyň başa-baş tutluşykda, hatda şöhrat gazanan erkek pälwanlaryny-da ýeňendiklerini haýran galmak bilen beýan edýärler. Munuň şeýledigine biz edebi miraslarymyza ser salanymyzda hem anyk göz ýetirýäris. Halkymyzyň geçmişinde ençeme asyrlaryň dowamynda dilden-dile geçip, biziň günlerimize gelip ýeten, türkmen halkynyň geçmişini, edim-gylymlaryny şöhlelendirýän “Görogly” eposyny okanymyzda, Göroglynyň, Bezirgeniň keşplerinde, gelin-gyzlaryň arasynda Harmandäliniň, Aýsoltanyň keşplerinde, biz halkymyzyň durmuşynda göreşiň nähili ähmiýete eýe bolandygyny, halkymyzyň pälwanlara nähili hormat-sarpa goýýanlygyny aýdyň görýäris. Pälwan gyzlar Harmandälem, Aýsoltanam göreşde Goroglydan üstün çykmagy başarýarlar. Ýeňilen Görogly: “Beh, gyzdanam beýle güýçli pälwan dörejek eken, tüweleme!” diýip, açyk göwünden olary hormatlaýar. Şeýle hem beýleki edebi gymmatlyklarda, rowaýatlarda we hekaýatlarda türkmen zenanlarynyň erkek adamlar bilen deň hatarda dürli söweşlerde ene topragy gaýduwsyzlyk bilen gorandyklary barada aýdylýar. Şonda olara heniz çagalyk ýyllarynda sportuň köp hereketi talap edýän dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklary netijesinde, alan tälimleri kömek edipdir. Şeýlelikde, türkmenleriň gadymy ata-babalary öz çagalaryny we agtyklaryny heniz körpe ýaşlaryndan başlap göreşiň, at çapmagyň, peýkam atmagyň, gylyç bilen söweşmegiň we beýlekileriň köpsanly tälimlerini öwredipdirler.
Adatça, türkmen toýlarynda göreş açyk meýdanda, çägäniň üstünde geçirilipdir. Oňa tomaşa edýänler göreş meýdançasynyň daşyna tegelenip oturyp ýa-da dik durup tomaşa edýärler. Jarçy jar çekip, “Pälwan bolsaň, çyk orta, how!” diýip, şol göreş üçin goýlan baýragy yglan edýär. Göreşde dürli emeller ulanylýar. Onuň esasy netijesi garşydaşyňy göreşip ýykmakdyr. Iki tarapyna “tegeläp” bir tarapyna dyzyna göterip ýykmak hormatlanýan tärleriň biridir. Göreşde götermek emeline garşy badak salmak emeli ulanylýar. Bu emele “çopan badagy” hem diýilýär. Olardan başga-da göreşde çilme, ilme, kakma, silkme, ýanbaşlama ýaly dürli emeller edilipdir. Göreş başlananda, aýagy ýalaňaç pälwanlar göreş meýdançasyna çykýarlar. Orta taşlanan guşagy maňlaýyna sylyp eginlerine atýarlar. Soň bolsa, garşydaşlar guşaklaryny daňýarlar. Dik durup, tutluşyp göreşip başlaýarlar. Göreş düzgüninde pälwanyň aýagynyň topugyndan ýokarsy ýere degse, ýeňildigi hasaplanýar. Göreşde “Emeliň seresi – güýç, güýjüň seresi – emel” diýlişi ýaly, güýç bilen emel deň-derejede zerur hasaplanýar.
Türkmen toýlarynda şowhunly göreşe ýakyndan, uzakdaky obalardan pälwanlar gatnaşyp, toýuň şüweleňi has-da artypdyr. Ol pälwanlar diňe öz atlaryndan däl, eýsem, öz obalarynyň adyndan hem göreşip, obasynyň abraýyny gorapdyrlar.
Türkmen milli göreşi uzak ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda uly rowaçlyklara beslenipdir. Bu hakda Türkmenistanyň Merkezi döwlet arhiwiniň gaznasynda gymmatly maglumatlar saklanýar. Meselem, arhiw resminamalarynda 1954-nji ýylyň awgust aýynyň 7-12-si aralygynda paýtagtymyzyň häzirki “Aşgabat” seýilgähinde milli göreş boýunça respublika derejesinde ýaryşyň geçirilendigi, ol ýaryşa paýtagtymyzdan we welaýatlarymyzdan 44 pälwanyň gatnaşandygy aýdylýar. Ýene bir resminamada 1961-nji ýylda milli göreş boýunça ýurdumyzda birinjiligi almak ugrunda ýaryş geçirilendigi beýan edilýär. Şular ýaly maglumatlar bir ýa-da iki däl, onlarça, ýüzlerçedir.
Ýeri gelende, geljek 2018-nji ýylda Indoneziýanyň paýtagty Jakartada geçiriljek Aziýa oýunlaryna milli Liderimiziň görkezmesi esasynda türkmen milli göreşiniň sportuň aýratyn görnüşi hökmünde meýilnama goşmak işleriniň alnyp barylýandygyny-da bellemelidiris. Munuň özi türkmen göreşiniň abraýyny dünýä ýaýmakda ýene-de bir täze ädim bolar.
Jeren MEREDOWA,
Türkmenistanyň Merkezi döwlet
arhiwiniň resminamalary peýdalanmagy
guramak bölüminiň baş hünärmeni.