Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyz döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolan suwy tygşytly ulanmak, ýurdumyzyň suw gorlaryny aýawly peýdalanmak babatda uly işleri durmuşa geçirýär. 2014-nji ýylyň 1-nji martynda kabul edilen “Suw hakynda” Türkmenistanyň Bitewi Kanuny suw serişdelerini rejeli peýdalanmagy we gorap saklamagy düzgünleşdirýän möhüm resminama hökmünde güýje girdi. Şu maksada eýerilip, 2015-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda hormatly Prezidentimiziň ýörite Karary bilen “Türkmenistanda suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak we Garagum derýasynyň suw geçirijiligini ýokarlandyrmak boýunça geçirilmeli işleriň 2015 – 2020-nji ýyllar üçin Maksatnamasy” tassyklanyldy.
Suw – ynsanyň, daş-töweregimizi gurşap alan tebigatyň, haýwanat dünýäsiniň ýaşaýşynyň baky çeşmesi. Hormatly Prezidentimiz: “Türkmen halky suwa tebigatyň beren bahasyna ýetip bolmajak peşgeşi we durmuşy janlandyrýan keramatly baýlyk hökmünde garaýar” diýip belläp geçýär. Munuň özi umumadamzadyň ýaşaýyş çeşmesi bolan suwuň gadyr-gymmatynyň egsilmezligini aňladýar. Şonuň üçin suwy tygşytly ulanmak, rejeli peýdalanmak häzirki wagtda baş wezipeleriň biri bolup durýar. Bu meselede ýurdumyzyň suw howdanlary möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda ýurdumyzyň çäginde 16 sany suw howdany bar. Howdan derýanyň hanasynyň öňünde bent gurmak arkaly emele gelýär. Howdan gurlanda, halk hojalygynyň bähbitleri göz öňünde tutulyp, topografiki we gidrogeologiki şertlere baglylykda ýer saýlanyp alynýar.
Ýurdumyzda halkara hyzmatdaşlygynyň çäginde ulanylýan suw howdanlary-da bar. Amyderýanyň ugrundaky Düýeboýun suw howdany Özbegistan Respublikasy hem-de Tejen derýasynyň ugrundaky “Dostluk” suw howdany Eýran Yslam Respublikasy bilen bilelikde ulanylýar.
Ýurdumyzyň ýer üstüniň amatly gurluşy, howa şertleri, ýer-suw baýlyklary, oba hojalygyny ösdürmek üçin uly mümkinçilikleri döredýär. Suw üpjünçiligi döwletimiziň ekerançylyga ýaramly ýerleriniň möçberiniň görnetin artmagyna esas döredýär. Häzirki döwürde Türkmenistanda sarp edilýän suwuň 90 %-den gowragy suwaryşda, suwlandyrmakda we oba hojalyk suw üpjünçiliginde ulanylýar. Bu işler seýil baglaryny, gezelenç meýdançalaryny, “ýaşyl zolaklary” damjalaýyn usulda suwarmaga giň mümkinçilikleri döredýär. Pagtaçylyk meýdanlarynyň damjalaýyn usulda suwarylmagy özüniň oňyn netijelerini berýär. Şeýle ýagdaýda ekinleriň hasyllylygy artyp, suw tygşytlylygy emele gelýär.
Şu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň goldawy bilen Garagum çölünde ulanylyşa girizilen “Altyn asyr” Türkmen köli dogrusynda durup geçmek möhümdir. “Altyn asyr” Türkmen köli dünýä giňişliginde deňi-taýy bolmadyk hadysadyr. Merkezi Aziýa sebiti üçin iňňän möhüm ähmiýete eýe bolan Türkmen kölüniň gurulmagy ilatly ýerleriň, suwarymly meýdanlaryň arassaçylyk, ekologik ýagdaýyny gowulandyrmagyň meselelerini çözmäge döredilen aýdyň mümkinçilikdir. Türkmen kölüniň işe girizilmegi bilen zeýkeş akabalary bir bitewi ýokary netijeli suw ulgamyna birleşdi. Suwarymly ekin meýdanlarynyň çägi giňäp, ýerleriň melioratiw ýagdaýynyň gowulanmagyna, zeý suwlarynyň suw akabalaryna akdyrylmagynyň öňüni almaga ýardam etdi.
Bilşimiz ýaly, häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan dünýä giňişliginde Suw diplomatiýasy boýunça oňyn başlangyçlary öňe sürýär. Araly halas etmek, dünýäde howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmek hem bu ugruň möhüm meseleleridir. Şol başlangyçlar BMG-niň Baş Assambleýasynyň we iri halkara forumlarynyň, Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherinde geçirilen “Rio+20” Bütindünýä sammitiniň, Ýaponiýanyň Sendaý şäherinde geçirilen BMG-niň tebigy betbagtçylygyň howpuny peseltmek boýunça III Bütindünýä maslahatynyň hem-de Koreýa Respublikasynyň Tegu şäherinde guralan VII Bütindünýä suw forumynyň belent münberinde beýan edilipdi.
Hawa, her bir güni ösüşlere beslenýän häzirki döwürde “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaşyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşli Milli maksatnamasyna”, “Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmegiň Baş maksatnamasyna”, “Türkmenistanda suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak we Garagum derýasynyň suw geçirijiligini ýokarlandyrmak boýunça geçirilmeli işleriň 2015 – 2020-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna” we beýleki iri möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalaryna gönükdirilen iri maýa goýum taslamalary durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda halkymyzy arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça Baş maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi bu ugurda netijeli işleriň ýola goýulmagyny şertlendirýär. Paýtagtymyz Aşgabatda we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda suwy arassalaýan desgalaryň gurulmagy halkymyzyň sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkäp, zähmete ukyplylygynyň artmagyna uly ýardam etdi.
Suw – tebigatyň beren bahasyna ýetip bolmajak peşgeşi we durmuşy janlandyrýan keramatly baýlygydyr. Bu gün türkmeniň towlanjyrap akýan bol suwly derýalary, dury suwly çeşmeleri, aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän suw gorlary bereketli goýnunda ballar önýän sahawatly topragymyzy, ýaýlymly-ýaýrawly sähralarymyzy, öri meýdanlarymyzy suwlandyrýar.
Munuň özi hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ýerine ýetirilýän işleriň ýokary ösüşlere beslenýändigine anyk şaýatlyk edýär.
Mülkaman ANNAGELDIÝEW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we
dolandyryş institutynyň mugallymy.