Köpleriň iň halaýan aýlarynyň biri-de sentýabr bolsa gerek. Sentýabr güýz paslynyň başlangyjy, howanyň salkynlaýan möwsümi, hasyllaryň ýygnalýan döwri, täze okuw ýylynyň başlanýan aýydyr. Irki döwürlerden bäri sentýabr aýy barada dürlüçe garaýyşlar bolup, olar baradaky gyzykly maglumatlary siziň dykgatyňyza ýetirmegi makul bildik.
Demirgazyk ýarym şara güýz pasly (sentýabr) gelende, Günorta ýarym şarda ýaz pasly başlanýar. Ýagny bizde agaçlaryň ýapraklary saralyp, dökülip ugraýan möwsüminde, Günorta ýarym şarda sentýabr aýynda agaçlar ýapraklap, gülläp başlaýar.
Dünýä ýurtlarynyň käbirinde sentýabr aýy ýylyň başlangyjy hasaplanýar. Munuň sebäbi çagalaryň tomusky dynç alyş möwsüminden soň, täze okuw ýylyna başlaýandyklary bilen düşündirilýär.
Sentýabr sözi latynça «septem» sözünden gelip çykyp, «ýedi» diýmegi aňladýar. Gadymy senenamalarda mart aýy ýylyň birinji aýy bolup, sentýabr aýy ýedinji aý hasaplanypdyr. Ýanwar we fewral aýlarynyň ýyl senenamasyna goşulyp üýtgedilmegi bilen, sentýabr (7-nji aý) dokuzynjy aýa öwrülýär.
Ilkibaşda sentýabr aýynda 29 gün bolupdyr. Häzirki wagtda senenama ýyl hasabynyň dokuzynjy aýy 30 günden ybarat.
Dünýäniň köp ýurdunda sentýabr «hasyl aýy» ady bilen tanalýar.
Sentýabr aýynyň 22-23-ine gije bilen gündiz deňleşýär. Ýagny Gün ekwatoryň göni üstünde bolýar. Demirgazyk ýarym şarda gije, Günorta ýarym şarda gündiz (bahar pasly) uzalyp başlaýar.
Sentýabr aýynda Ýer ýüzünde Bütindünýä ýazuw güni, Halkara sowatlylyk güni, Halkara parahatçylyk güni, Bütindünýä terjimeçiler güni, Bütindünýä sudoku güni, Bütindünýä deňiz güni ýaly birnäçe baýramçylyklar bellenilýär.