Häzirki wagtda kompýuterde we smartfonlarda ýazmak üçin uly mümkinçilikler bar hem bolsa, el bilen ýazmagyň ornuny tutup biljek zat ýokdur. Sebäbi çaga ilkinji gezek eline galam alanynda, ylym dünýäsine birinji ädimini ädýär. Aslynda, körpeler ilkibaşda ýazyp başlanlarynda haýsydyr bir zadyň suratyny çekmäge synanyşýarlar. Ýazmak olaryň el hereketleriniň, ukyplarynyň ösmegine hem ýardam edýär.
Eýsem, dürli suratlary çekmäge ýardam edýän galamlar haçandan bäri peýdalanylýarka?!
Galamyň ilkinji nusgasy 1775-nji ýylda fransuz oýlap tapyjysy Nikola Žak Konte tarapyndan ýasalýar. Ilkinji galam palçygyň we grafitiň garyndysynyň iki taýajygyň arasyna ýerleşdirilmegi arkaly ýasalypdyr. Ol 1795-nji ýylda bu ugurda patent alandan soňra öz adyny göterýän galam öndürýän fabrigiň düýbüni tutýar. Esasan, surat çekmekde ulanylýan we adaty galamlardan has ýogyn bolan bu galamlar «Konte» diýlip atlandyrylýar we birnäçe ýyllap öndürilýär.
Muňa garamazdan, galam baradaky maglumatlara has irki çeşmelerde hem duş gelmek bolýar. 1565-nji ýylda şweýsar alymy Konrad Gesneriň ýazgylarynda galam barada bellenip geçilýär. XVI asyryň başlarynda grafitiň özi dürli zatlary bellik etmek üçin peýdalanylypdyr. Ilkinji galamlar bu maddanyň üwelip, içi oýulan tagtanyň içine ýerleşdirilmegi bilen has kämilleşipdir. Onuň içine başga maddalaryň goşulmagy bilen ýazmak üçin peýdalanylýan bu gurallar ulanmaga has amatly bolupdyr. Galamy kämilleşdirmek üçin dürli ýerlerde dürli işler ýerine ýetirilipdir. Mysal üçin, Trinidad we Tobagoda ýaşaýan neçjarlar Simonio we Lindiana Bernakottiler öz ýasaýan önümleriniň agaç böleklerine bellik etmek üçin häzirkilere meňzeş, arça agajyndan ýasalan galamlardan peýdalanypdyrlar.
Adatça galamlaryň daşy agaçdan ýasalyp, az mukdarda hem bolsa, plastmassa we beýleki materiallardan hem öndürilýär. Ýokarsy bozguçly galam 1858-nji ýylda amerikaly Haýman Lipman tarapyndan ýasalýar. Häzirki wagtda galamlar grafit, toýun we beýleki zatlar goşulyp, oýulan agaç bölejikleriniň arasyna ýerleşdirilmegi bilen taýýarlanýar.