Häzirki wagtda Dubaýda amala aşyrylýan iň uly taslamalaryň biri şäherdäki iki howa menziliniň has-da giňeldilmegi bilen baglanyşykly. Dubaýyň halkara howa menzili (DXB) dünýäniň iň gelim-gidimli halkara merkezi hasaplanýar. “Howa menzilini täzeden gurmak meýilnamalaryna laýyklykda, 15 ýylyň içinde ýolagçy sany ýylda 120 million adama ýeter” diýip, “One Mile at a Time” web saýty habar berýär.
1,5 milliarddan 2 milliard ýewro çenli pul serişdeleri goýberilen howa menziliniň abatlaýyş işlerinden soň goşmaça garaşylýan zallar, bellige alyş otaglary, oturgyçlar, şeýle hem täze howpsuzlyk skanerleri peýda bolar. Mundan başga-da, her terminalda restoran we dükan açylar.
Şol bir wagtyň özünde, daşky gurşawy goraýjylar howa menziliniň giňeldilmeginiň daşky gurşawa ýetirýän täsiriniň gaty uly bolmagyna alada bildirýärler. 2019-njy ýylda Dubaýyň Halkara howa menzili howa 16,65 million tonna kömürturşy gazyny goýberdi. Bu dünýädäki ähli howa menzilleriniň arasynda iň ýokary görkezijidir.
Bu howa menziliniň hyzmat ediş mümkinçiligi iň ýokary kuwwatyna ýetensoň, Dubaýyň ikinji howa menzili bolan Al-Maktum adyndaky Halkara howa menzilini dünýäniň iň uly howa menziline öwürmek meýilleşdirilýär. Maglumatlara görä, taslamanyň birinji tapgyrynda howa menziliniň meýdany 56 inedördül kilometre çenli giňeldilip, hyzmat ediş mümkinçiligi ýylda 130 million ýolagça ýetiriler. Taslamanyň awtorlarynyň pikirine görä, bu ýerde döredilen mümkinçilikler howa, gury ýer we deňiz giňişligini birleşdirýän iň uly multimodal ulag infrastrukturasyny emele getirer. Häzirki wagtda Al-Maktum adyndaky howa menzili ýylda 1,6 million töweregi ýolagçy kabul edýär, ýöne 15 ýylyň dowamynda bu görkeziji 250 milliondan gowrak adama ýetip biler.