Formula 1 Dünýä çempionatynda möwsümiň 15-nji “Gran Prisi” Italiýanyň Monza şäherinde geçirildi. 51 aýlawdan ybarat bolan ýaryşa “Ferrari” toparynyň ispaniýaly sürüjisi Karlos Saýns Junior ilkinji hatardan bat aldy. Ýöne soňlugy bilen 14-nji aýlawda öňe geçen “Red Bulluň” niderland sürüjisi Maks Werstappen ýeňiş gazanmagy başardy. 51 aýlawy 1 sagat 13 minut 41,143 sekuntda tamamlan Werstappen bassyr 10-njy, möwsümdäki 12-nji ýeňşini baýram etdi. Karýerasy boýunça-da 47-nji gezek pellehana hemmeden öň gelen Werstappen germaniýaly Sebastian Wettelliň 10 ýyllyk rekordyny täzeledi. Wettel 2013-nji ýylda 4-nji çempionlygyny gazananda, soňky 9 ýaryşda ýeňiş gazanyp, rekord goýupdy. Şeýle-de, şu ýyla geçip, 14-nji ýeňşini gazanan “Red Bull” topary bir möwsümde yzly-yzyna ýeňiş gazanmakda özüne degişli rekordy täzeledi. Topar umumylykda 15-nji ýeňşini gazandy.
Ýaryşda Werspatteniň meksikaly topardaşy 6,064 sekunt yza galyp, 2-nji ýeri eýeledi. “Ferrari toparynyň sürüjileri – Karlos Saýns Junior 3-nji, Şarl Lekler 4-nji orna mynasyp boldy. “Mercedes” toparynyň britaniýaly sürüjileri-de – Jorj Rassell bilen Lýuwis Hamilton 5-6-njy ýerleri paýlaşdylar.
Italiýa “Gran Prisinden” soň Werstappen çempionlyga ýene bir ädim golaýlap, utugyny 364-e ýetirdi. 2-nji ýerdäki Peresiň 219 utugy bar. 3-nji orundaky Fernando Alonso 170, 4-nji basgançakdaky Hamilton 164 utuk toplady.
Italiýa “Gran Prisi” şu möwsüm üçin Ýewropadaky ýaryşlaryň iň soňkusy bolup, mundan soňky 8 bäsleşik Aziýadyr Demirgazyk hem-de Günorta Amerikada geçiriler. Indiki ýaryş 17-nji sentýabrda Singapurda guralar.