Finlýandiýa dünýäde ilkinji bolup sanly pasporty ulanyşa goýberdi. Ýurduň ýolbaşçylary sanly syýahatçylyk resminamasynyň (sanly pasportyň) adaty kagyz pasport ýaly ygtybarlydygyny belleýärler. Bu pasportyň eýeleri ilkinji syýahatyny Angliýanyň London, Edinburg we Mançester şäherlerine amala aşyrdy. Şeýlelikde, Finlýandiýanyň howa ýollary kompaniýasynyň ýolagçylary diňe el telefonlaryna ýüklenen sanly pasport arkaly daşary ýurda gitdiler.
Häzirlikçe synag maksady bilen ýola goýlan bu düzgün geljek ýylyň fewralyna çenli dowam eder. Bu pasport ýurduň ýaşaýjylaryna barmak yzynyň, ýüzüniň suratynyň alynmagy bilen bir gezeklik berilýär. Pasportdan peýdalanmak üçin daşary ýurda gitmezden dört sagat öň Finlýandiýanyň serhet gözegçilik gullugyna maglumat bermek ýeterlik hasaplanýar.