Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynyň birleşiginiň (ASEAN) sammiti sişenbe güni Indoneziýanyň paýtagty Jakartada öz işine başlady. Indoneziýanyň Prezidenti Joko Widodo gutlag sözi bilen çykyş edip, guramanyň agzalarynyň agzybirligini we deňligini saklamagyň möhümdigini aýtdy.
-ASEAN-yň agzybirliginiň henize çenli gowy ýagdaýdadygyny belläsim gelýär. Häzirki wagtda meniň görýän bu deňligim dünýäde seýrekleşdi. Köp adalatsyzlyk we dawa-jenjel deňligiň ýoklugy sebäpli ýüze çykýar – diýip, Joko Widodo aýtdy.
Widodonyň pikiriçe, ASEAN dünýä ýurtlarynyň haýsyda bolsa biriniň bähbitlerini goraýan platforma bolmaly däldir. Munuň ýerine sebitde we tutuş dünýäde umumy meseleleri çözmek üçin tagallalary birleşdirmelidigini, şeýle hem durnuklylygy we abadançylygy goramak üçin işlemelidigini aýtdy.
ASEAN sammiti, şeýle hem çagyrylan döwletleriň we sebitleriň wekilleriniň gatnaşmagynda geçiriljek maslahatlar 7-nji sentýabrda Jakartada dowam eder. Olaryň dowamynda taraplar integrasiýa we käbir ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek, şeýle hem sebit meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar. Synçylaryň pikiriçe, maslahatda ara alnyp maslahatlaşyljak esasy temalar käbir ýurtlardaky çökgünlikler bolup biler.
Sammitiň dowamynda ASEAN-yň birnäçe ýurt bilen hyzmatdaşlygynyň çäginde maslahatlar geçiriler. Şeýlelik bilen, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýer-ministri Li Sýan, Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisida, Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol, Kanadanyň Premýer-ministri Jastin Trýudo, BMG-nyň Baş sekretary Antóniu Guterreş we beýlekiler Indoneziýa sapar ederler. 7-nji sentýabrda Jakartada Gündogar Aziýa sammiti geçiriler.
ASEAN 1967-nji ýylda esaslandyryldy we 10 ýurdy öz içine alýar: Bruneý, Wýetnam, Indoneziýa, Kamboja, Laos, Malaýziýa, Mýanma, Singapur, Tailand we Filippinler.