Bilesigelijilikli akyl ýetirişiniň we döredijilik usulynyň özboluşlylygyny utgaşdyrmakda üýtgeşik güýji hem-de şahyrana göz öňüne getirmeleri üçin
Daniýaly romançy Ýohannes Wilgelm Ýensen 1873-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda Ýutlandiýanyň demirgazygyndaky Himmerlandyň Farse şäherinde weterinar Gans Ýensen we Mariý Ýenseniň maşgalasynda dünýä inýär. Kakasynyň giň gözýetimi, onuň tebigy bilimlere, taryha, antropologiýa we ylmyň beýleki ugurlaryna gyzyklanmasy Ýohannese hem çagalygyndan täsirini ýetiripdir. Ol Himmerlandyň ajaýyp tebigatynda ýaşap, çagalygyndan tebigaty söýüpdir, Daniýanyň daýhanlarynyň durmuşy bilen gyzyklanypdyr. Ýohannese 11 ýaşyna çenli ejesi bilim berýär, soňra bolsa, iki ýyllap ýerli mekdebe gatnap, (1890) Wiborgyň kafedral mekdebinde okamak üçin taýýarlyk görýär.
Üç ýyllap Wiborgda okandan soňra, Kopengagen uniwersitetine okuwa girip, lukmançylyk, tebigy bilimler, esasan hem, edebiýat bilen gyzyklanýar. Ýaş ýigit daniýaly ýazyjylardan başga hem, Geýne, Zolýa we Şekspir ýaly ýazyjylaryň döredijiligi bilen gyzyklanýar. Şol ýyllarda Knut Gamsunyň ilkinji romanlary neşir edilýär. “Knut Gamsun özüniň usulyýeti we durmuşa täzeçe çemeleşişi bilen mende çuňňur täsir galdyrdy” diýip, Ýohannes soň-soňlar ýatlaýar eken. Ýöne gelejekki ýazyja Redýard Kiplingiň döredijiligi has-da güýçli täsir edýär, onuň eserleri Ýohannesiň öňünde bütin dünýä tarap derwezäni giňden açyp, ýaş ýigitde uzak ýurtlara syýahata gitmäge gyzyklanma döredýär.
Ýohannes talyplyk ýyllary Iwar Lýukke lakamy bilen detektiw eserleri ýazyp güzeranyny aýlaýar. Şol döwürde ýaş ýazyjy özüniň “Daniýalylar” (1896) romanynyň üstünde işläp, onuň üçin tölenen pula ABŞ-a gysga wagtlyk syýahatyny amala aşyrýar. Bu gezelenç onuň durmuşyna düýpli täsirini ýetirýär. Ýohannesiň ünsüni esasan hem, Amerikada ýaşaýan daniýaly bosgunlaryň durmuşy çekip, Kopengagena dolanyp gelenden soňra, söýgä we täze durmuşa gyzyklanýan ýaş ýigit barada gürrüň berýän “Eýner Elker” (1897) atly terjimehal görnüşinde beýan edilen romanyny ýazýar. Roman şowly çykýar, ýöne awtor ondan soňra terjimehally beýan edilýän döredijilikden arany açýar.
Ýohannes edebiýat üstünlikleri bilen ruhlanyp, 1898-nji ýylda Daniýanyň “Politiken” gazetiniň habarçysy bolup, işe başlaýar. Soňra birnäçe aýyň dowamynda harby gullukda bolýar, ondan soňra Pariže, 1902–1903-nji ýyllarda bolsa, dünýäniň daş-töweregine syýahatyna başlaýar. Ol şu döwürde kitaplary we “Politiken” gazeti üçin makalalar toplumyny ýazmagyny dowam etdirýär. 1904-nji ýylda Elze Mariý Ulrike öýlenenden soňra, aýaly we üç ogly bilen birlikde Kopengagende ýaşaýar.
“Himmerlandyň adamlary” (“Himmerlandsfolk”) Ýutlandiýanyň ýaşaýjylarynyň däp-dessurlary we edim-gylymlary baradaky realistik hekaýalar toplumy bolup, köp tankytçylaryň ünsüni özüne çekipdir. Ondan soňky ýygyndysy “Täze himerland taryhy” (1904) diýlip atlandyrylýar. Onuň üçünji jildi (“Himmerlandschistorier. Tredie Samling”, 1910) şol temanyň dowamydyr. Korol Kristiana II durmuşy barada ýazylan “Korol Kristiana II” (1901) atly üç jiltlik romanda mifiki we realistik elementler täsin utgaşdyrylýar. Şol ýyllarda onuň ilkinji şahyrana ýygyndysy “Şygyrlar” (1906) peýda bolýar.
Ýohannes 1912-nji ýylda ýene-de dünýäniň daş-töweregine syýahata ugrap, Seýlon, Singapur, Pekin, Mongoliýa we ahyrsoňy Nýu Ýorka baryp, ol ýerden 1914-nji ýylda Kopengagene dolanyp gelýär. Onuň syýahatlardan galan täsirleri “Biziň eýýamymyza giriş” (1915) atly kitabynda öz beýanyny tapýar.
Ol 1922–1924-nji ýyllarda özüniň “Uzak syýahat” atly 6 jiltlik giň gerimli çeper eserini neşir etdirýär. Eser Ýutlandiýanyň ilkidurmuş adamlary baradaky göz öňüne getirmelerinden başlap, Hristofor Kolumbyň Täze Dünýäni açyşy baradaky taryhy waka çenli ösüş ýoluny geçýär. Onuň 12 jiltlik “Uzak syýahatyna” 1907-nji we 1944-nji ýyllarda ýazylan uly bolmadyk hekaýalary we oçerkleri hem girizilýär.
Ýohannes 1925-nji ýylda ýene-de syýahata ugraýar – bu sapar ol Müsüre, Palestina, Demirgazyk Afrika gidýär. Ol 1928-nji ýylda Kopengagene dolanyp gelip, “Aňyň çelgisi” atly tebigatyň we adamyň kämilleşmegi baradaky filosofik traktatyny tamamlaýar. Ol kyssa we şygyr ýazmagyny dowam etdirip, essä hem aýratyn ähmiýet berýär.
Ýohannes 1939-njy ýylda ýene-de Amerika gelýär, ýöne onuň kesellemegi birnäçe aýdan soň, Daniýa dolanmaga mejbur edýär. Ol 1944-nji ýylda “Bilesigelijilikli akyl ýetirişiniň we döredijilik usulynyň özboluşlylygyny utgaşdyrmakda üýtgeşik güýji hem-de şahyrana göz öňüne getirmeleri üçin” Nobeliň edebiýat boýunça baýragy bilen sylaglanýar. Ikinji jahan urşunyň dowam edýänligi sebäpli baýrak gowşurylyş dabarasy geçirilmeýär, ýöne Nýu Ýorkda Amerikan-skandinaw gaznasynyň hasabyna dabara guralýar.
1945-nji ýylda şwed akademiýasynyň agzasy Enders Esterling Ýohannesiň edebi zähmetiniň köp bölegini dürli-dürli epiki we liriki žanrlaryň, romantik we realistik eserleriň, şeýle hem, taryhy we filosofik esseleriň tutýandygyny belläp geçipdir.
Ýazyjy 1950-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Kopengagende aradan çykýar. Ol Daniýanyň naturalistik edebiýatynda görnükli orunlaryň birini eýeläpdir. Knut Gamsun oňa “Bäşinji duýgusy bilen görüp başarýan adam” hökmünde baha beripdir. Amerikan ýazyjysy Gamilton Basso 1945-nji ýylda Ýohannesiň derejesini norwegleriň Sigrid Unseti we germanlaryň Tomas Many bilen deňäpdir. Şonuň ýaly hem Baso awtory aşaky ligadan ýokary liga çykan beýsboluň oýunçysyna meňzedipdir.
“Şeýle ussatlyk bilen öz halkynyň geçmişine çuňňur aralaşyp, geçmişiň, häzirki günleriň we gelejegiň arasynda özara gatnaşyk guran ýazyjylara seýrek duşulýar. Megerem, Ýohannes ýaly Daniýanyň tebigatyny wasp eden başga ýazyjy ýok bolsa gerek” diýip, terjimehal düzüji Marion Nilsen uly ruhubelentlik bilen belleýär. 1980-nji ýylda gelip çykyşy boýunça daniýaly Swen Rossel bolsa, ýazyjy barada “Ýohannesiň eserleri Ýewropa edebiýaty üçin ägirt uly ähmiýeti bar. Onuň eserlerinde häzirki zaman gelejek baradaky hyýaly göz öňüne getirmeler bilen berk baglanyşýar” diýip belleýär. Şu günki günde skandinaw edebiýaty boýunça hünärmenler Ýohannesiň eserlerine ýokary baha berýärler.