Hindistanyň hökümeti Bharat adyny Hindistana gaýtarmakçy. Bu barada “The Economic Times” gazeti ýazýar. Neşiriň habaryna görä, degişli karar 18-nji sentýabrdan 22-nji sentýabr aralygynda geçiriljek parlamentiň ýörite mejlisinde hödürlenip bilner.
“Indi Konstitusiýanyň 1-nji maddasy şeýle görkeziler: Bharat, ýagny, Hindistan, döwletler bileleşigi bolar” – diýip, Hindistanyň Milli Kongresiniň başlygy Jaýram Rameş X sosial ulgamynda ýazdy.
Mundan başga-da, G20-iň agşamlyk naharyna resmi çakylyklaryň Hindistanyň Prezidentiniň adyndan däl-de, Bharatyň Prezidentiniň adyndan iberildi.
-Biziň ýurdumyz müňlerçe ýyl bäri Bharat ady bilen tanalýar. Bu ýurdumyzyň gadymy ady bolup, gadymy sanskrit tekstlerinde hem gabat gelýär. Hindistan ady kolonial at bolup, gulçulygyň simwolydyr. Hindistan ady Konstitusiýadan aýrylmaly- diýip, Hindi parlamentiniň ýokarky palatasynyň wekilleriniň biri aýtdy.