Dünýä belli futbol žurnaly “France Football” tarapyndan gowşurylýan “Altyn top” baýragynyň şu ýylky dalaşgärleri mälim edildi. 30 futbolçydan ybarat sanawda Lionel Messi, Erling Holann, Kewin De Bruýne, Mohamed Salah, Karim Benzema ýaly ýyldyzlar bar. Şu ýylyň başyndan bäri karýerasyny Saud Arabystanynyň “Al Nassr” toparynda dowam etdirýän portugaliýaly super ýyldyz Kristiano Ronaldo bolsa dalaşgär görkezilmedi. Ol soňky 20 ýylda ilkinji gezek sanawa alynmady. 38 ýaşyndaky oýunçy soňky gezek 2003-nji ýylda dalaşgärlige hödürlenmändi.
Sanawdaky 30 oýunçynyň 7-si “Mançester Sitiden” bolup, iňlis kluby bu ugurda öňde barýar. “Real Madrid” hem-de “Bawariýa” klublarynyň hem 3 futbolçysynyň adyna sanawda duş gelmek bolýar.
Baýragyň iň esasy dalaşgäri, gürrüňsiz, Katar 2022-de Argentinanyň ýygyndysynyň 36 ýyldan soň Dünýä Kubogyny gazanmagynda uly rol oýnan Lionel Messi hasaplanýar. “Mançester Sitiniň” ýyldyzlary – Erling Holann bilen Kewin de Bruýne hem beýleki dalaşgärler diýlip görkezilýär. “Ballon d’Or” baýragynyň ýeňijisi beýleki baýraklaryň ýeňijileri bilen bir hatarda, şu ýylyň 30-njy oktýabrynda mälim ediler. Şol gün zenan futbolçylaryň arasyndaky Altyn top baýragynyň, şol sanda iň ökde ýaş futbolça berilýän Kopa baýragynyň, iň ökde derwezeçä berilýän Ýaşin baýragynyň ýeňijileri hem sylaglanar.
“Altyn top” baýragyna dalaşgär görkezilen 30 futbolçy:
- Ýoşko Gwardiol («Mançester Siti»),
- Ruben Diaş («Mançester Siti»),
- Erling Holann («Mançester Siti»),
- Ýassin Bunu («Al-Hilal»),
- Martin Edegor («Arsenal»),
- Hulian Alwares («Mançester Siti»),
- Ilkaý Gündogan («Barselona»),
- Winisius Junior («Real Madrid»),
- Mohamed Salah («Liwerpul»),
- Bukaýo Saka («Arsenal»),
- Kewin de Bruýne («Mançester Siti»),
- Jud Bellingam («Real Madrid»),
- Jamal Musiala («Bawariýa»),
- Andre Onana («Mançester Ýunaýted»),
- Karim Benzema («Al-Ittihad»),
- Randal Kolo-Muani (PSŽ),
- Bernardo Silwa («Mançester Siti»),
- Robert Lewandowski («Barselona»),
- Kim Min Çže («Bawariýa»),
- Hwiça Kwarasheliýa («Napoli»),
- Nikolo Barella («Inter»),
- Emiliano Martines («Aston Willa»),
- Rodri («Mançester Siti»),
- Antuan Grizmann («Atletiko»),
- Lionel Messi («Inter Maýami»),
- Lautaro Martines («Inter»),
- Luka Modriç («Real»),
- Wiktor Osimhen («Napoli»),
- Kilian Mbappe (PSŽ),
- Harri Keýn («Bawariýa»).