Tokaýlar dünýäniň “öýkeni” ýalydyr. Tokaýlyklary emele getirýän, gök öwsüp oturan dürli agaçlar ýer ýüzündäki janly-jandarlaryň ýaşamagy üçin örän zerurdyr. Geliň, olaryň ähmiýeti barada gysgaça durup geçeliň! Tebigatda “sessiz sübse” wezipesini ýerine ýetirýän tokaýlyklar köp mukdarda howany tozandan we hapa gazlardan arassalaýar. Mysal üçin:
1000 inedördül metr ýerdäki ösüp oturan arça agaçlary ýylda 32 tonna, buk agajy (çalymtyl gabykly uly berk agaç) 68 tonna, sosna agajy 30–40 tonna howadaky tozany özüne siňdirip, zäherli gazlary süzgüçden geçirýär. Edil dem alyp-berşimiz ýaly atmosferadaky kömürturşy gazyny fotosintez arkaly alyp, ýerine kislorod goýberýär.
Dürli ulgamlardan çykýan güwwüldili sesleri 23–30 desibele çenli peseldýär.
Tokaýlar howanyň ýylylyk derejesini hem sazlaşykly deňagramlykda saklaýar. Olar tomsuna yssylygy 8,5 derejä çenli peseldýän bolsa, gyşyna sowugy 2,8 derejä deňiç maýlatmaga ukyplydyr.
Gür tokaýlarda guşlaryň 50-ä golaý görnüşi ýaşaýar. Eýsem, olaryň saýramagy, kebelekleriň uçmagy, ösümlikleriň gök öwüsmegi ýaşaýşa nähili gözellik berýär.
Şeýle hem suwlaryň belli bir ýere ýygnanyp arassalanmagynda we howanyň çyglylygynyň kadaly derejede saklanmagynda tokaýlaryň hyzmaty diýseň uludyr.
Tokaý zolaklaryndaky dynç alyş merkezleri deňi-taýy bolmadyk mekanlardyr. Şonuň üçin gezelençlere gidilende tebigatyň arassaçylygyna üns bermelidiris. Tebigatymyzyň gözelliklerini aýawly saklap, ony ýangyn howpundan goramalydyrys. Her ýyl ýurdumyzda geçirilýän agaç oturtmak çärelerine işjeň gatnaşmalydyrys. Çünki tebigat biziň öýümizdir.